Sepleriň elýeterliligi

VISA töleg sistemasynyň hyzmatlary Türkmenistanyň banklary tarapyndan togtadyldy


Türkmenistanyň banklarynyň çykaran plastik kartlary

Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky türkmen banklary tarapyndan çykarylan VISA kartlary boýunça tölegleri böwetledi. Bu ýagdaýdan ygtybarly iki çeşmäniň habar bermegine görä, türkmen banklarynyň VISA kompaniýasyna onlarça million dollar bergisi bar. Kompaniýa berginiň tölenmegini isleýär we Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň eden-etdilikli girizýän çäklendirmeleriniň bes edilmegini talap edýär.

VISA kartlary daşary ýurtlara syýahat edýän we ýurduň daşynda çagalaryny okadýan türkmenistanlylaryň arasynda giňden ulanylýar.

Türkmenistanda VISA kartlarynyň ulanylmagyna girizilen çäklendirmeler ençeme wagt bäri dowam edýär we barha güýçlendirilýär.

Soňky birnäçe hepdeden bäri türkmenistanly ulanyjylar bu töleg sistemasyndan asla peýdalanyp bilmeýändigini aýdýarlar.

Mundan öň Azatlyk Radiosy türkmenistanlylaryň Türkiýede kartlar arkaly töleg etmekde hem puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigini habar beripdi.

Noýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň banklary plastik kartlardaky puly nagtlaşdyrmak üçin rugsat berlen puluň möçberini iki esse azaldyp, bir günde 50 amerikan dollary möçberinde kesgitläpdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň birindäki çeşmesi VISA-nyň anna güni ähli hasaplaşyklary duşenbe gününe çenli togtadandygyny habar berdi.

“Bu mesele iň ýokarda çözülýär, ähli hasaplaşyklar doňduryldy, birinji güne çenli bir zatlary etmeli, emma etmezler, hasaplaşyk operasiýalar üçin bergi 30 milliondan ybarat, bu diňe pul geçirilmegi bilen bagly hyzmatlar üçin” diýip, Azatlygyň ministrlikdäki çeşmesi aýtdy.

Ýagdaýdan ygtybarly ýene bir çeşmämiz Türkmenistanda VISA halkara töleg sistemasy bilen problemalaryň dörändigini sişenbe güni tassyklady. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň bergisi bilen bagly meseleden daşary, türkmen banklarynyň yzygiderli girizýän çäklendirmeleri VISA kompaniýasynyň resmileriniň göwnünden turmaýar, sebäbi bu ýagdaý halkara töleg sistemasynyň abraýyna zeper ýetirýär.

“Türkmen banklarynyň bergisi birnäçe aýlap toplandy. Häzirki wagtda türkmen tarapy onlarça million dollardan ybarat bu berginiň üstüni ýapmaga doly derejede ukyply däl. Elbetde, VISA bu bazary ýitirmek islemeýär, emma türkmen banklaryna hyzmat etmeklik oňa gymmada düşýär. Olar dürli halkara maliýe strukturalaryň üstünden täsir ýetirmäge synanyşýarlar, emma häzirki agyr ykdysady ýagdaýda munuň türkmen tarapyna täsir ýetirjegi gümana” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýy VISA kompaniýasyndan dessine tassykladyp bilmedi.

Türkmenistanyň maliýe guramalarynyň ýurduň milli pulunyň daşary ýurt walýutasyna öwrülmegine girizen çäklendirmeleri sebäpli, raýatlar daşary ýurt pullaryna eýe bolmak üçin ýurduň daşyna çykyp, ilkinji nobatda-da, Türkiýä baryp, bankomatlarda plastik kartlaryndan pul çekmäge mejbur boldular.

Türkmen banklarynyň dowamly girizýän çäklendirmeleri sebäpli, Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurt pullaryny nagtlaşdyrmak üçin dürli, käte bikanun usullara baş goşýarlar. Mundan öň, Stambulda birnäçe türkmenistanlynyň dürli adamlara degişli onlarça plastik kartlary bilen tutulandygy habar berlipdi. Geçen hepdäniň aýagynda Stambulda türkmen banklarynyň plastik kartlaryndan çäksiz nagt puly çekip bermek boýunça täze bikanun hyzmatyň dörändigi barada maglumatlar peýda boldy.

Halkara töleg sistemasy VISA Türkmenistanda ilkinji operasiýalaryny 1994-nji ýylda başlapdy. Şol döwürde VISA kartlaryndan diňe daşary ýurtlular peýdalanyp bilýärdi. 1998-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky VISA kartlaryny öz ýerli müşderilerine berip başlady.

Ýene bir halkara töleg sistemasy MasterCard hem Türkmenistanda 1994-nji ýylda işläp başlapdy, emma ol ýerli müşderilere diňe 2014-nji ýylda elýeterli boldy.

Goşmaça: Bu makalada tölegleriň VISA kompaniýasy tarapyndan petiklenendigi hakynda, hakykata gabat gelmeýän bölegine düzedişler girizildi. Azatlygyň çeşmeleri soň, tölegleriň togtatmagy ýurduň Daşary ykdysady bankynda VISA boýunça tranzaksiýa töleglerini dolandyryjy merkeziň amala aşyrandygyny aýdyňlaşdyrdylar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG