Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde kim has köp ýarag satypdyr?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Stokgolmyň Halkara parahatçylyk barlagy instituty ýa-da gysgaça aýdylanda SIPRI (Stockholm International Peace Research Institute) ýarag öndürýän we harby ugurda hyzmat berýän firmalaryň 2016-njy ýylda iň esasy ýüz sanysynyň sanawymy beýan etdi.

SIPRI-niň hasabatlaryna görä, bu ýüz firma geçen ýyl umumy möçberi 374,8 milliarda barabar bolan ýarag we harby serişdeleri eksport edip, şol wagtyň özünde-de bu ugurda tehniki hyzmatlar beripdir.

Bu san 2015-nji ýyldaka garanyňda ýüzden 1,9 göterim köpelenem bolsa, aslynda SIPRI-niň 2002-nji ýylda öz hasabatlaryna başlan ýylyndan bäri geçen döwürler hasaba alnanda, ýüzden 38 göterim ýokarlanandygyny aňladýar.

Mundan owalky bäş ýylyň dowamynda, SIPRI-niň taýýarlan hasabatlarynda ýarag satuwynyň görkezijileriniň barha azalýandygy göze ilýärdi.

Birleşen Ştatlar

2016-njy ýylda ABŞ-nyň firmalarynyň ýarag satuwyndaky paýy hem has artdy.

ABŞ-nyň firmalarynyň umumy möçberi 217,2 milliard dollara barabar bolan ýarag satuwy 2016-njy ýyla görä 4 göterim ýokarlanypdyr.

Birleşen Ştatlaryň 2016-njy ýylda ýarag satuwyndaky paýy 57,9 göterimdir.

Günbatar Ýewropa

Günbatar Ýewropanyň firmalarynyň ýarag satuwy şol owalkysy ýaly bolsa-da, onuň görnüşleri köpelipdir.

SIPRI-niň "Iň köp ýarag satan 100 firma" sanawyndaky Günbatar Ýewropanyň firmalarynyň paýyna 2016-njy ýylda 91,6 milliard dollar düşüpdir we bu 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 0,2 göterim ýokarlanypdyr.

Görnüşine görä Britaniýanyň Ýewropa bileleşiginden çykmak barasyndaky karary onuň ýarag satuwyna hiç hili täsirini ýetirmändir. Britaniýa 2015-nji ýyla görä 2016-njy ýylda 2 göterim köp ýarag satypdyr.

Russiýa Federasiýasy

Russiýanyň ýarag satuwy hem ýokarlanypdyr, emma onuň bady haýallapdyr.

SIPRI-niň "Iň köp ýarag satan 100 firma" sanawynda Russiýanyň firmalarynyň ýarag satuwy 2016-njy ýylda 3,8 göterim köpelip, 6 milliard dollara barabar bolupdyr.

Umuman alnanda, şol 100 firmanyň arasynda Russiýanyň firmalary 7,1 göterim paýa eýedir.

SIPRI-niň baş hünärmeni Siemon Wezemanyň aýtmagyna görä, 2016-njy ýylda başdan geçiren ykdysady kynçylyklary Russiýanyň firmalarynyň ýarag söwdasynyň badynyň haýallamagyna sebäp bolupdyr. Russiýanyň firmalarynyň aýratynlykdaky görkezijileri tapawutlanýarlar. Meselem, 5 firmada ýarag satuwy ýokarlanan bolsa, beýleki 5 firmada azalypdyr.

Russiýanyň SIPRI-niň "Iň köp ýarag satan 100 firma" sanawynda iň köp paýa eýe bolan firmasy "United Aircraft Corporation" atly firmasydyr.

Onuň ýarag söwdasy 2015-nji ýyla garanda, 2016-njy ýylda 15,6 göterim köpelipdir.

Günorta Koreýa, Ukraina we beýlekiler

Özüni barha kämilleşdirýän ýarag öndürýänleriň we onuň söwdasyny edýänleriň arasynda başky orunda Günorta Koreýa durýar.

SIPRI-niň "barha ösýän ýarag öndürijiler" toparyna esasan Braziliýa, Hindistan, Günorta Koreýa we Türkiýe ýaly ýurtlar degişlidir.

Günorta Koreýada 2015-nji ýyla görä 2016-njy ýylda ýarag söwdasy 20,6 göterim artypdyr we 8,4 milliard dollara barabar bolupdyr.

SIPRI-niň "beýleki durnukly ýarag öndürjiler" toparynda bolsa Awstraliýa, Ysraýyl, Ýaponiýa, Polşa, Singapur we Ukraina degişlidir. Ukrainanyň "UkrOboronProm" atly firmasy SIPRI-niň "Iň köp ýarag satan 100 firma" sanawynda 77-nji orunda durýar.

2016-njy ýylda bu şereketiň ýarag satuwy 25,1 köpelipdir. Bilermenler munuň Ukrainada dowam edýän durnuksyzlyk we oňa "Antonow" kysymly uçar satuwynyň goşulmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG