Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talaňçy mugallymlar talyplara salgyt salýarlar”


Türkmen talyplary

Türkmenistanlylar sosial ulgamlary arkaly ýurduň dürli künjeklerinde ýüz berýän parahorluk, korrupsiýa ýagdaýlary barasynda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna maglumatlar ýollamagyny dowam etdirýärler.

Ýakynda Aşgabatdaky Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplarynyň biri biz bilen habarlaşyp, öz okaýan ýokary okuw jaýynda talyplara salynýan mejbury “salgyt”, para dogrusynda gürrüň berdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran talyp her ýyl dürli çäreler üçin öz hasaplaryna ýörite egin-eşik almaga mejbur edilýändiklerini aýtdy.

“Her ýarym ýyldan Talyp Joşguny we Täze ýyl üçin, bahasy 20-50 manat aralygyndaky lybaslary almaly. Mundanam başga, 30-50 manada durýan institutyň emblemasy bolan sport egin-eşigini hökmany satyn alaýmaly” diýip, ol aýtdy.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby her ýarym ýyldan stipendiýalaryndan 50 manat tutulyp, mejbury gazetlere abunaçy bolýandyklaryna-da aýtdy. Şeýle-de, ol ýygy-ýygydan geçirilýän tigirli ýörişler üçinem pul toplanýandygyny gürrüň berdi.

“Welosiped satyn alýarys diýip, her talypdan 100 dollar ýygnadylar. Biz ol welosipedleri görmesegem, her ýyl ‘welosipedi bejermeli’ diýip, 50-100 manat aralygynda ýene-de pul bermeli. Iň gülkünç ýeri-de, bize ‘Biz pul serişdelerini meýletin berýäris, dekanymyza hiç hili şikaýatymyz ýok’ diýip, dilhaty ýazdyrýarlar. Meniň alýan stipendiýam 685 manat. Biziň talaňçy mugallymlarymyzyň jany sag bolsun, stipendiýamyzyň hözirini görüp bilemzok” diýip, ýaş talyp aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talybynyň ýokarda beýan eden ýagdaýlaryny gürrüňi gidýän ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Galyberse-de, talyplaryň stipendiýalaryndan mejbury ýagdaýda pul serişdeleriniň tutulyp galynýandygy baradaky maglumatlar geljek okuw ýylyndan başlap, stipendiýalaryň asla-da ýatyryljakdygy baradaky gürrüňlere gabat geldi.

Azatlyk Radiosyna ýokary okuw jaýlarynda ýüz berýändigi aýdylýan parahorluk bilen birlikde, kanun goraýjy edaralaryndaky, hususan-da Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň arasyndaky korrupsiýa ýagdaýlary barada-da maglumatlar gelip gowuşýar.

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň ýaşaýjylarynyň biri sebitdäki Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň ýolbaşçylary bilen birlikde adaty işgärleriniň arasynda ýaýran korrupsiýa barada maglumat ugratdy.

Atlandyrylmasyzlygyny soran okyjymyz gullugyň işgärleriniň anyk-anyk atlaryny we wezipelerini sanap geçse-de, Azatlyk Radiosy olaryň şahsyýeti barada maglumat bermekden saklanýar.

Maglumatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndan nähilidir bir resminama alynjak bolsa, onda kesgitlenen möçberdäki para berilmese, bu işiň amala aşmaýandygy bellenýär. Şeýle-de, adaty awto inspektorlaryň sürüjilerden, her dürli bahanlar bilen para toplaýandygy hem nygtalyp geçilýär.

Şol bir wagtda, bu maglumatlar barada hem sebitiň degişli ýolbaşçylaryndan kommentariýa almak başartmady.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan halkara guramalarynyň dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesi baradaky hasabatlarynda, ýylyň-ýylyna iň yzdaky derejeleri eýeleýär.

Soňky döwür türkmen häkimiýetleri korrupsiýa, parahorluga garşy "barlyşyksyz göreşmegi" wada berip, bu aýyplamalarda aýyplananlaryň günäleriniň geçilmejekdigini tekrarlaýarlar. Emma muňa garamazdan, resmi habarlardan çen tutulsa, korrupsiýa faktlary azalmaýar we synçylar ýurtda adalatlylygyň ala, seçilip alnan ýagdaýda we kanunçylygy doly saklamazdan berjaý edilýändigini, sudlaryň garaşsyz däldigini, aýyplanýanlaryň özlerini kanun esasynda gorap bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG