Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede türkmen zenany 3 adam bilen ten söwdasynda saklandy


Ten söwdasy bilen meşgullanýan bir aýal. Illýustrasiýa suraty.

Türkiýede dekabr aýynda tutuş ýurtda adam we ten söwdasyna garşy başladylan operasiýalarda, türkmen zenanlarynyň hem saklanýandygy barasynda habarlar berilýär.

24-nji dekabrda ýurduň Kastamonu diýen ýerinde geçirilen operasiýada, saklanandan soň kazyýete iberilen biri türkmenistanly zenan bilen jemi 4 adam tussaglyga höküm edildi.

“Milliýet” gazeti Kastamonu welaýat polisiýasynyň howpsuzlyk işgärleriniň şäher merkezinde ten söwdasyny gurnaýanlara garşy geçiren operasiýasynda, saklanandan bir türkmenistanly zenan bilen onuň ýanyndaky 3 adamyň soragynyň we resmi işleriniň tamamlanandygyny beýan edýär.

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri polis çeşmelerine salgylanyp beren habarynda, saglyk barlagyndan soň kazyýete iberilen ten söwdasynda güman edilýän türkmenistanly zenan bilen ýanyndaky ýaranlarynyň sud oturylşygynda tussaglyga höküm edilendigini bildirýär.

Adynyň anonim galmagy şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir polis çeşmesiniň aýtmagyna görä, bu operasiýalar Bodrumda yzygiderli ýagdaýda türkmenistanly zenanlaryň ýaranlary bilen adam we ten söwdasynda tutulmagyndan soň alnyp barlan aňtaw işiniň netijesinde amala aşyrylypdyr. Polis çeşmesi bu operasiýalaryň owal saklanan türkmen zenanlarynyň we ýaranlarynyň beren maglumatlary esasynda geçirilendigini aýdanam bolsa, dört sany tapawutly welaýatda saklanan 7 daşary ýurtly zenandan näçesiniň türkmenistanlydygy barasynda, jikme-jik maglumat bermekden saklanýandygyny aýtdy.

Polis çeşmesi şol bir wagtyň özünde, Türkiýä dürli ýurtlardan zenanlary getirip, ten söwdasyny gurnamaga gatnaşmakda güman edilýän bir daşary ýurtly zenanyň hem tussag edilmegi üçin interpolyň üstünden gözlenmäge başlandygyny bildirdi. Ýöne mundan owal türk mediasynda ol güman edilýän zenanyň türkmenistanlydygy barasyndaky öňe sürülýän maglumatlary hem operasiýa doly tamamlanýança ätiýaçdan tassyklamakdan saklanýandygyny bildirdi.

Ýatlap geçsek, mundan owal Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda ten söwdasyna garşy gurnalan operasiýada ele salnan türkmen zenany bilen ýanyndaky daşary ýurtly boýdaşlarynyň polisdäki soragdan soň, gyssagly ýagdaýda deportasiýa edilendigini bildiripdi. Internet neşiriniň ýazmagyna görä, şonda Bodrum polisiniň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri 20-nji dekabrda Gümbet mähellesindäki bir myhmanhanada28 ýaşyndaky türkmenistanly, 19 ýaşyndaky gyrgyzystanly we 22 ýaşyndaky daşary ýurtly zenanlary ten söwdasynyň üstünde tutupdy. Şol bir ýerde dekabr aýynyň başynda gurnalan operasiýada bolsa biri türkmenistanly, 3 sanysy gyrgyzystanly we 2 sanysy hem gazagystanly bolmak bilen jemi 6 sany daşary ýurtly zenan ten söwdasynda saklanyp, dessine olaryň deportasiýa edilmegine karar berlipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG