Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk işçileri Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde metbugata beýannama berdiler


Türkmenistanda işläp gaýdan türk işçileri

Türkiýäniň paýtagty Ankarada dekabr aýynyň ahyrynda, Türkmenistanda işläp gaýdan birnäçe türk işçisi aýlyklary tölenmänsoň kyn ýagdaýa düşen segsen töweregi maşgalanyň adyndan, türkmen ilçihanasynyň öňünde nägilelik bildirip, metbugata beýannama berdiler.

Türk işçileri Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde geçiren piketiniň metbugat beýannamasynyň wideo şekilini Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna hem iberdiler.

Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň ýanynda üýşen on bäş töweregi türk işçisiniň öňünde durup metbugat beýannamasyny aýdýan türk işçisi Türkmenistanda "Çeper gurluşyk" we "Ajaýyp bina" atly firmalarda 2 ýyl dürli gurluşyk işlerinde işlän segsen töweregi türk işçisiniň aýlygynyň berilmän gaty kyn ýagdaýa duçar edilendigi sebäpli, türkmen ilçihanasynyň öňünde şeýle piket geçirip, metbugata beýannama bermäge mejbur bolandygyny öňe sürýär. Pikete gatnaşýan türk işçileri Türkiýäniň daşary işler ministrligine, içeri işler ministrligine we zähmet hem sosial üpjünçülik ministrligine, şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistandaky degişli ministrliklere arza bilen ýüz tutulandygyny, ýöne arzalara hiç hili jogap berilmändigini aýdýarlar.

"Biz Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogandan we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan kömek soraýarys. Biz aýlyklarymyzy alyp bilmän, gaty kyn ýagdaýda galdyk. Biz 2 ýyldan bäri Türkmenistanda eden işlerimiziň puluny almaga synanyşýarys. Biziň arzymyzy degişli ýolbaşçylara ýetirip, Türkmenistandaky "Çeper gurluşyk" we "Ajaýyp bina" atly firmalarda 2 ýyl dürli gurluşyk işlerinde işlän segsen töweregi türk işçisiniň aýlygynyň tölenmegi barasynda buýruk bermegiňizi haýyş edýäris" diýip, piketde metbugat beýannamasyny okaýan türk işçisi aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, bu türk işçileriniň Türkmenistanda aýlyklaryny alyp bilmeýändigini aýdyp metbugata beren ilkinji beýannamasy däl. Türk işçileri we şol sanda Türkmenistanda işlän türk işewürleri hem öz aýlyk-haklarynyň berilmändigini bildirip, birnäçe gezek Azatlyk Radiosyna ýüz tutupdy we olar bilen baglanşykly türk media serişdelerinde hem yzygiderli maglumatlar berlipdi.

Azatlyk Radiosy bilen bu temada gürrüňdeş bolan, owal Türkmenistanda Çalyk holding firmasynda işläp gaýdan Erol Egrek atly türk hünärmeni öz aýlyklaryny, iş haklaryny we şol sanda kompensasiýalaryny alyp bilmeýän türk işçileri bilen türk işewürleriniň yzygiderli ýagdaýda Türkiýäniň hem Türkmenistanyň prezidentlerinden kömek soramagy dowam edýändigini aýdýar.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan türk işewürlerinden, merkezi Ankarada ýerleşýän "Megasan" maýadarlar jemgyýetiniň başlygy Erdogan Suranoglu hem Türkmenistandaky algylaryny alyp bilmeýändigini gürrüň beripdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG