Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýyl baýramçylygy geçdi, täze ýyl sowgatlary dükanlarda galdy


Aşgabat, Täze ýyl söwdasy
Aşgabat, Täze ýyl söwdasy

“Aşgabatlylar täze – 2018-nji ýyly nähili garşylady?” Azatlyk radiosy bu soragy birnäçe aşgabatla berdi.

“Bu ýyl Aşgabatda Täze ýyl şatlygy, şagalaňy ýa şowhuny kän duýulmady” diýip, anonim şertde gürleşen ýaşajylaryň biri aýtdy. “Birinjiden, köçelerde adam az boldy, ikinjiden, gije 12 bolanda ýaşlar seýilgählere çykyp, şowhun edýärdiler, bu bolmady” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma bu ýyl Täze ýylyň on-on bäş gün çemesi öňünden bazarlarda, dükanlarda her hili owadan görnüşde bezelen, ýörite sebetlere-beýlekä salnan Täze ýyl sowgatlyklarynyň köp bolandygyny aýdýarlar. Ýöne ol sowgatlyklaryň alyjysy juda az boldy, bazarlarda Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde hem ýek-tük alyjy görünýärdi, esasy agdyklyk edýän satyjylardy diýip, Azatlygyň başga bir çeşmesi gürrüň berdi.

Azatlyk radiosy Täze ýyl sowgatlyklaryny taýýarlan we satuwa çykaran dükan eýeleriniň hem birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. Olaryň sözlerine görä, Täze ýyl üçin taýýarlanylan sowgatlyklaryň 90 prosent çemesi ýurduň daşyndan getirilen harytlar. Olaryň içinde her dürli şokaladlar, kökeler, ýokar hilli arak-çakyr, şampan çakyry ýaly önümler bar.

Elbetde, daşardan getirilen hatyrlar dollara satyn alyndy we dollar häzir paýtagtdaky “gara bazarda” ortaça 10 manadyň üstünde oýnaýar. Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň Merkezi banky dollary 3,5 manat derejesinde saklaýar.

“Biz Täze ýyl söwdasyna niýetläp getiren harytlarymyzyň ýarysynam satyp bilmedik, alyjy ýok, ýogsa uly peýda göz dikmän, öz çykdajymyzy ödesek kaýyldyk” diýip, dükan eýeleriniň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Täze ýyl sowgatlyklarynyň iň arzany 300 manat, käsi 500, käsi 700 manat.Emma dükan eýeleri paýtagtda-da, welaýatlarda, obalarda hem beýle pul töläp, sowgatlyk aljak adamlaryň köp däldigini aýdýarlar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda dekabryň aýlyklaryny adatdaky wagtyndan biraz öň berýärler, bu adamlaryň baýramçylyk saçaklaryny bezäp bilmekleri üçin görülýän çäre. Şeýle-de bu ýyl banklaryň aýyň ortasyndan Täze ýyla çenli dynç alyşsyz işlejekdigi habar berildi. Emma adamlaryň köpüsi alma, apelsin ýaly önümleri, has körpeler üçin 10-12 manatlyk sowgatlary satyn alyp çäklendi, sebäbi her kim ertir näme boljagyny bilenok we elindäki puluny “gara gün” üçin saklamaga çalyşýar diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Her hili süýji-köke önümlerinden Täze ýyl sowgatlyklaryny taýýarlan dükan eýeleri indi birki hepdeden ol azyk önümleriniň ýaramly möhletiniň geçjekdigini we şondan soň olary satuwda hem saklap bolmajakdygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanda halkyň maliýe ýagdaýy 2016-njy ýyldan 2017-nji ýyla geçilende2015-nji ýyldan 2016-njy ýyla geçilendäkiden hem pesdi, bu ýyl ondanam juda bes” diýip, Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

“Halkyň ýagdaýy pes, bahalar bolsa, aýdaly 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende ortaça 100-150%, käbir harytlaryň bahasy bolsa 200-250% gymmatlady.”

Mundanam başga, ýurtda işsizlik hem artyp gidip otyr we edaralarda kimleriň işden gidýändigi eýýäm aýdyldy. Olaryň käbirine başga regionlardan iş hödürlenýär.

Meselem, Lebapda, Maryda gysgaldylan nebit-gaz pudagynyň işgärlerini Balkandaky Gyýanala ýa Gumdaga, Esengulynyň töweregindäki Gamyşlyjanebit ýaly ýerlere ugratmaga çalyşaýarlar. Emma ol işgärler “çaga eklemek üçin barjak welin, ýaşamak şertleri gaty kyn” diýýärler.

XS
SM
MD
LG