Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar üçin awtoulag kartlaryny almak kynlaşdyrylýar


Ata we agtyklary. Illýustrasiýa suraty.
Ata we agtyklary. Illýustrasiýa suraty.

2017-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Aşgabat şäherinde ilata hyzmat edýän awtobuslaryň tölegleri töleg kartlarynyň üsti bilen amal edilip başlandy. Ýolagçylara 5 manada durýan kartlar satyldy.

Kartlaryň ähli görnüşlerniň bahasy 5 manat bolup, ony doly bahasyna ulanýan ýolagçylar bir gezek töleg üçin ozal 30 teňňe töleg geçen bolsalar, 1-nji noýabrdan bu nyrh 50 teňňe bolupdy. Pensionerler üçin aýlyk töleg 1 manat bolmagynda galdyrylyp, mekdep okuwçylary (6-14 ýaşlylar) üçin aýlyk töleg 2 manat kesgitlenipdi. Talyplar üçin bolsa ýeňillikler göz öňünde tutulmandy.

Ilki başda töleg kartlaryny almak üçin poçta bölümlerinde uly nobatlar peýda bolsa-da, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň töleg kartlayryny edinendiklerini görse bolýar. Emma mekdep okuwçylarynyň töleg kartlaryny edinmeklerinde, henizem bökdençlikler dowam edýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy 40-ýaşly işçi Sonanyň aýtmagyna görä, mekdep okuwçylaryna töleg kartlaryny almak üçin, okaýan mekdebinden onuň okaýandygyny tassyklaýan güwänama gerek.

“Şeýle güwänamanyň soralýandygyndan men habarsyz galypdyryn. Işimi taşlap, Aşgabat şäheriniň merkezi poçtasyna bardym. Merkezi poçtanyň nagt we nagt däl töleglere amal edýän 8-nji penjiresinde, mekdep okuwçysy üçin töleg kartyny satyn almakçydygymy aýtdym. Maňa mekdep okuwçylayrynyň okaýan mekdebinden onuň okaýandygyny tassyklaýan güwänama getirmelidigimi aýdyp gaýtardylar” diýip, Sona gürrüň berýär.

Güwänamany almak üçin, ol oglunyň okaýan mekdebine baranda, mekdep direktoryny ýerinde tapyp bilmändir, ol çärä gitdi diýdiler.

“Ene-atalar güwänama sorap mekdebe gatnap ýa bolmasa poçta bölümlerine gatnap ýörmezleri ýaly, okuwçylar üçin töleg kartlaryny mekdeplerde bermegi düzgünleşdirseler oňat boljagyny aýdýarlar. Sebäbi her bir mekdep okuwçysynyň bu kartlardan peýdalanmaly boljakdygy belli. Çagalar mekdebe gidenlerinde hem awtobuslara münmeli bolýarlar, olaryň hem bir aýagy çärelerde, häli-şindi çärelere gitmek üçin ýol kireýniň gerek bolýandygyny aýdýarlar” diýip Sona belleýär.

Awtoulaglarda oturdylan enjamlaryň kadaly işlemeýändigini hem görse bolýar. Töleg kartyňy enjamlara goýanyňda, häli-şindi töleg ýok diýip, enjamlardan ses çykýar.

Töleg kartynda puly bolan ýolagçylar awtoulaglardan düşip gidýärler. Töleg kartlary bolmadyk ýolagçylar bolsa 50 teňňe töläp düşýärler.

XS
SM
MD
LG