Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kömek pullary 10%, Ahal ýagy bolsa 30% gymmatlady


Ahal ýagy

Täze – 2018-nji ýyla geçilmegi bilen Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda 1 litrlik Ahal ýagynyň ozalky 3 manat 40 teňňe bolanlygyndan 4 manat 40 teňňä çenli ýokarlandy.

Ozal gyt haryda öwrülen 1 litrlik Ahal ýagyny döwlete degişli dükanlarda üstüne geçmeýän gymmat bahaly harytlary goşup ilata satýardylar. Ahal ýagynyň gapdalyna geçmeýän kökedir süýjüli içgileri, mineral suwlary, başga-da geçmeýän ýa bolmasa ulanyş möhleti geçip barýan azyk harytlarny goşup berýärdiler.

“Döwlet dükanyndan Ahal ýagyny alanymda, maňa bahasy 1 manat 20 teňňe bolan ‘Haýýat’ suwuny hem-de 1 litrlik, bahasy 1 manat bolan ‘Arçalyk’ suwuny goşup, bir çüýşe ýag 5 manat 20 teňňä düşdi” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy gürrüň beripdi. Indi bolsa onyň döwlet bahasy 4 manat 40 teňňä çenli ýokarlandy.

ahal ýagynyň bahasy 30 göterimden agdygrak ýokarlansa-da ,ol dükanlaryň tekjelerinde uzak durmaýar. Sebäbi bu haryda halkyň islegi ýokary. ‘Ak pamyk’, ‘Altyn ýag’ ýaly ýakmaly ýaglary öý bikeleri o diýen halap barmaýarlar. Olary öý şertlerinde ýakyp, ulanjak bolsaň, iki-günläp öýden ýagyň ýanan, ýakymsyz ysy aýrylmaýar.

2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyklaryň, kömek pullarynyň, çaga posobiýeleriniň döwlet tarapyndan 10 göterim ýokarlanjakdygy aýdylypdy. Häzir ilat şol ýokarlanan pensiýadyr kömek pullaryny, çaga posobiýelerini alyp ugradylar. Emma şol 10 göterim ýokarlanmanyň azyk harytlaryna we beýleki senagat harytlaryna galdyrylýan bahalaryň ara tapawudyny ýapmak üçin juda ujypsyz bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

2017-ýylyň dowamynda döwlete degişli dükanlarda konditer önümleriniňem, beýleki azyk önümleriniňem bahalary birnäçe gezek galdyrlyp, olaryň belli bahasy hem ýatdan çykyp gitdi diýip, ýaşaýjylar ýaşaýjylar belleýärler.

“Şekeriň bahasy öň 3 manatdy, indi 5 manada çenli ýokarlandy. Gandyň bir kilosynyň bahasy 8-manada ýetdi. Hojalyga gündelik gerek bolýan azyk önümleri hususy dükanlarda has hem gymmat satylýar. Şekerem, Ahal ýagy hususy dükanlarda 7 manatdan satylýar. Garaz, nyrhlar belli kadada durman, ilaty juda köseýär” diýip, aşgabatly Annagül daýza aýdýar.

Türkmenistanda ilatyň sarp ediş korzinasy barada hiç bir maglumatyň ýokdygyny, bular ýaly maglumatlaryň döwlet derejesinde gizlin saklanýandygyny hem ýaşaýjylar belleýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG