Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: ‘urlup öldürilene başga diagnoz goýuldy, derňew açylmady’


Türkmenabat

Lebap welaýatynda türkmenabatly bir ýaşaýjynyň agyr urgular sebäpli ýogalandygy, emma muňa garamazdan, onuň ölümine saglyk ýagdaýynyň sebäp bolandygy aýdylyp, degişli derňew işiniň hem gozgalmandygy barada maglumat gowuşdy.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň 21-ne 1980-nji ýylda doglan Nazar Hydyrow öz iş ýerinde – Türkmenabadyň çagalar keselhanasynda näbelli adamlar tarapyndan gazaply ýenjilip, öýüniň bosagasyna taşlanyp gidilýär. Bu barada Azatlyk Radiosyna ýagdaýlardan habarlydygyny aýdýan, özüni Nazar Hydyrowyň ýakyn dostlarynyň biri hökmünde tanyşdyran gürrüň berdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly mundan soň Hydyrowyň Tiz kömek gullugy arkaly welaýat keselhanasyna äkidilendigini, emma onuň özüne gelmän 30-njy dekabrda, takmynan sagat 14:00 töweregi aradan çykandygyny aýtdy. Ol Nazar Hydyrowa sereden lukman bilen gürleşende, onuň kellesiniň üç ýerinde gematomanyň, ýagny ganöýmäniň bardygyny, şeýle-de operasiýanyň diňe üç günden soň, 24-nji dekabrda geçirilendigini aýdypdyr.

Nazar Hydyrowyň asyl käri taryh mugallymy ekeni. Ol işsiz galyp ep-esli para berensoň, Türkmenabat şäherindäki welaýat Çagalar keselhanasyna tehniki howpsuzlyk inženeri bolup işe ýerleşýär.

Pajygaly hadysada heläk bolan N. Hydyrowa ilki insult, üç günden soň bolsa, bagyr sirrozy diagnozlary goýlupdyr.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, ýokarky ýagdaýlary gürrüň beren türkmenabatly bu waka bilen ilteşiklidigini aýdyp, käbir ýerli ýokary derejeli lukmanlaryň we sülçüleriň atlaryny hem tutdy. Emma olar bilen habarlaşyp, bu aýyplamalar dogrusynda pikirlerini almak başartmandygy sebäpli, bu ýerde olaryň şahsyýetleri takyklaşdyrylmaýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň 37 ýaşynda aradan çykan Nazar Hydyrowyň ölümi bilen baglylykda, onuň işlän keselhanasyndan we onuň ýagdaýyna sereden keselhana bölüminden ýa-da kanun goraýjy edaralaryndan, şeýle-de onuň maşgala agzalaryndan nähilidir bir maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Galyberse-de, türkmen mediasy ýurtda amala aşyrylýan jenaýatlar barada dymýar. Mundan tapawutlylykda, prezidentiň wezipesinden boşadýan resmileri barada ilata habar berilse-de, adatça, olaryň “işinde goýberen düýpli kemçilikleri” diýen düşündiriş bilen çäklenip, başga goşmaça hiç zat aýdylmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG