Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanunyň kabul edilenine ýyl aşdy, emma işsizlere 'işsiz puly' berilmeýär


Türkmenabat. Köçedäki dilegçi. Arhiw suraty.
Türkmenabat. Köçedäki dilegçi. Arhiw suraty.

Türkmen häkimiýetleri dürli bahanalar bilen işsizlere berilmeli kömek pullaryny tölemekden ýüz öwürýärler diýip, Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.

Türkmenistanyň ilaty iş bilen üpjün etmek hakyndaky kanunyň 2016-njy ýylyň noýabrynda güýje giren birinji bölüminde işsiziň kimdigi we onuň nähili ýagdaý kesgitlenilýändigi düşündirilýär. Bu kanunyň ikinji bölümi 2017-nji ýanwarynda güýje girdi we onda esasy göz öňünde tutulýan mesele işsizlere işsizlik posobiýalaryny tölemek bolup durýar. Bu Türkmenistanda kanun esasynda eýýäm 2017-nji ýylyň ýanwaryndan işsizlere işsizlik posobiýalarynyň tölenilip başlanylmalydygyny aňladýar.

Kabul edilen kanuna laýyklykda, işsiz öz ýaşaýan ýerindäki etrap häkimliginden, zähmet biržasyndan öz hünäri boýunça iş hödürlenilmändigini tassyklaýan dokument getirmeli we şundan soň oňa bir aýyň dowamynda işsiziň posobiýasy tölenip başlanmaly diýip, kanunda aýdylýar.

Şeýle-de, kanun esasynda işsiziň kömek puluny alýan adamy täze, iş orunlaryny tapmak mümkin bolanhünärlere gönükdirmek boýunça iş geçirilmeli. Eger-de şu aralykda işsize iki gezek öz başarjak işi hödürlense we işsiz bu işleriň hiç birine gitmese, döwletiň onuň işsizlik posobiýasyny ýatyrmaga hukugy bar.

Şonuň bilen birlikde, kanun esasynda işsiz diýip hasaplanylýanlar esasan iş orunlarynyň gysgaldylmagy boýunça işini ýitiren we başga iş hödürlenmedik adamlar bolup durýar. Azatlyk radiosynyň ýurduň çar künjegindäki çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanda iş orunlarynyň gysgaldylyp başlanyna bir ýyldan gowrak wagt geçdi, emma heniz işsizlik posobiýasynyň berlip başlanandygyny ýa-da şeýle posobiýa alan adamyň bardygyny anyklamak bize başartmady.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, mysal üçin, Maryda, Lebapda nebit-gaz kärhanalarynda işleýän işçileriň iş orunlary köpçülikleýin gysgaldyldy we olara Türkmenbaşynyň golaýyndaky Gyýanlyda, EsengulydakyGamyşlyjanebit, Ekeremnebit ýaly ýerlere işlemäge gitmek teklip edildi.

Azatlygyň habarçysy bu hödürlenen işden ýüz öwren adamlaryň birnäçesi bilen gürleşip gördi. Işçiler iş hödürlenýän ýerde bärden barjak adamlar üçin ýaşaýyş şertleriniň döredilmändigini aýtdylar. Haçanda olar iş hödürleýjilerden “Men ol ýerde nirede ýaşaýyn?” diýip soranlarynda, olara “Ine, hödürlenen işden ýüz öwürdi” diýipdirler. Elbetde, bu olaryň işsiziň posobiýasyny almak hukugyndan kesilýändigini aňladýar.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen işsizleriň biri bolsa başga bir ýagdaýa hem ünsi çekdi.

“Türkmenistandaky kanunçylyga laýyklykda, iş ornunyň gysgaldylmagy zerarly işden boşadylan adam, eger-de bäş ýylyň dowamynda şol iş orny dikeldilse, şol ýere ilkinji bolup işe alynmaly. Emma bu kanun işlemeýär, işgäri ‘iş orny gysgaldylýar’ diýip işden boşadyp, alty aýdan onuň ýatyrylan iş ornuny dikeldýän halatlary-da az bolmaýar, emma onuň ýerine başga, para beren adamy işe alýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran işsiz Azatlyk radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adatça her hepde diýen ýaly hökümet maslahatyny geçirýär. Munuň daşyndan, häkimleriň we beýleki jogapkär işgärleriň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatlary hem geçirilýär. Bu maslahatlarda döwletiň durmuşyna degişli giň meseleler tapgyrynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy, degişli ýolbaşçylaryň döwürleýin hasabat berýändikleri habar berilýär. Emma türkmen metbugaty bu maslahatlarda ýurtdaky işsizleriň sany, olaryň gaýtadan işe ýerleşdirilişi ýa-da işsiziň posobiýasy bilen üpjün edilişi, täze hünär öwredilen adamlaryň sany barada hiç bir maglumat bermeýär.

“Prezident iş orunlary gysgaldylanlary iş bilen üpjün etmek, olara posobiýa bermek hakynda ýekeje gezek hem gürrüň etmedi. Gynançly ýeri, iş orunlarynyň gysgaldylýandygyny hem edara ýolbaşçylary we işden boşadylýanlar bilýär, bu möhüm mesele barada metbugatda hiç zat aýdylmaýar diýip, 55 ýaşyndaky aşgabtly işsiz Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatyna görä, şäher häkimiýetleri şäheriň köpçülik ýerlerinde, köçelerde, awtoulaglara ýangyç guýulýan stansiýalarda işsiz, kömege mätäç raýatlaryň dilegçilik etmezligine berk gözegçilik edýärler.

XS
SM
MD
LG