Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

VISA: Biz kesgitlenilen düzgünlere goşulyşyp bilmeýäris


Soňky döwürde Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan ýa-da okaýan türkmenistanlylaryň onlarçasyndan maglumatlar we telefon jaňlary gelip gowuşýar.

Olar öz Visa kartlaryndan henizem peýdalanyp bilmeýändiklerini we töleg kartlaryna birikdirilen depozit bank hasaplaryndaky pul serişdelerine aralaşmak ygtyýarlyklarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, bankomatlarda puly nagtlaşdyryp, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyryp bolmaýar. Bu ýerde çykgynsyz ýagdaýa düşüp, kynçylyklary başdan geçirýän müňlerçe türkmenistanly barada gürrüň gidýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada kommentariý bermegi sorap, Visa Inc. kompaniýasyna ýüzlendi.

Biz olardan aşakdaky soraglara jogap bermegi soradyk:

  • VISA kompaniýasy VISA kartlary bilen ilteşikli problemany çözmek üçin haýsydyr bir çäre görýärmi?
  • VISA kompaniýasy türkmen maliýe häkimiýetleriniň Türkmenistanyň raýatlarynyň VISA töleg kartlaryna birikdirilen depozit bank hasaplaryndaky serişdelerini petiklemegine nähili baha berýär? VISA kompaniýasynyň türkmen partnýorlary bilen baglaşan ylalaşyklarynda şeýle ýagdaýlar göz öňünde tutulýarmy?
  • VISA kompaniýasy häzirki wagt müňlerçe türkmenistanlynyň öz serişdelerine aralaşyp bilmeýändigi üçin çykgynsyz ýagdaýy başdan geçirýändigi baradaky hakykat dogrusynda, özüni belli bir derejede, iň bolmanda moral taýdan, jogapkärçilik çekýär diýip hasaplaýarmy? Sebäbi bu babatdaky çäklendirmeler VISA kompaniýasynyň şertnamalaýyn gatnaşyklary bolan türkmen maliýe guramalary tarapyndan girizildi.
  • Türkmen partnýorlaryňyzyň bu hereketleri VISA kompaniýasynyň abraýyna zeper ýetirýärmi?

Bu soraglara Visa kompaniýasynyň GDA we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça korporatiw aragatnaşyk bölüminiň direktory Anna Serdýuk hat arkaly şeýle jogap berdi:

VISA – global töleg ulgamy arkaly dolandyrylýan tehnologik kompaniýadyr. VISA kompaniýasy tranzaksiýalary, ýagny bank amallaryny ýerine ýetirýär. Biz kart eýeleri bilen gönüden-göni bilelikde işleşmeýäris, [bank] hasaplaryny dolandyrmaýarys, kredit çäklendirmelerini girizmeýäris, şeýle-de nagt karzlar bilen üpjün etmeýäris. VISA maliýe edarasy däldir.

Fiziki şahsyň bank hasabynyň ulanyşyny kesgitleýän ähli düzgünler, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, bank tarapyndan girizilýär. VISA kompaniýasy kesgitlenilen düzgünlere goşulyşyp bilmeýär.

Öz gezeginde, VISA kompaniýasy VisaNet ulgamyndan peýdalanmagyň kanunçylygyň çäginde we bikanun pul serişdelerini ýuwmaga garşy hereket edýän kanunlara laýyklykda amala aşyrylýandygyny üpjün edýär.

Biz maliýe edaralarynyň hereketlerine, olaryň önümlerine we hyzmatlaryna, şol sanda [bank] hasaplaryna degişli islendik çözgüde, karara diňe maliýe edaralarynyň jogapkärdigini nygtasymyz gelýär. Ýurduň maliýe taýdan umumy utgaşdyrylmasy degişli maliýe düzgünleşdiriş organlarynyň wezipesi bolup durýar.

VISA kompaniýasy elektron tölegleriň berk ösüşini üpjün etmek maksady bilen, VizaNet ulgamynyň netijeli ulanylyşyny gazanmak üçin bank partnýorlary we düzgünleşdiriş organlary bilen yzygiderli duşuşýar. Biz Türkmenistanda we onuň daşynda tranzaksiýalary, ýagny bank amallaryny ýerine ýetirmegi doly görnüşde dowam etdirýäris.

Türkmenistanlylaryň VISA töleg kartlary bilen baglanyşykly kynçylyklary indi köp wagtdan bäri dowam edýär. Ýöne 2017-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Türkmenistanyň daşyndaky kart ulanyjylar ne pul serişdelerini nagtlaşdyryp bilýärler, ne-de harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyryp bilýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG