Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen mediasynyň 'dünýä derejesinde' kämilleşdiriljekdigi aýdylýar


Türkmen TW-sinde çykyş edýänlere halk içinde "elleri dyzyndakylar" diýilýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde milli metbugatyň işiniň dünýä derejesinde kämilleşdiriljekdigi habar berildi. Biraz öň türkmen TW-sinde pornografiýanyň, erotikanyň gadagan edilendigi mälim bolupdy.

Şeýle-de, şu aýyň başynda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahatynda çykyş eden deputatlar tele-radio žurnalistleriniň "adamlary tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmalydygny" nygtadylar.

Hökümet başlygynyň orunbasary Annageldi Garajaýew ýurduň medeniýet ulgamynyň täze ýyl üçin taýýarlanylan iş planybarada hasabat berip, bu planyň prezidentiň medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilendigini aýtdy.

“2018-nji ýylyň meýilnamasynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz etmek, muzeý hem-de kitaphana, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini dünýä derejesine laýyklykda kämilleşdirmek, şol sanda çeper eserleriň, teleradiogepleşikleriň, habarlar maglumatlarynyň we beýleki eserleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de olary mazmun taýdan ösdürmek boýunça anyk işler kesgitlenildi” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar. Emma habardan bu anyk işleriň döredijilik erkinligine ýol açjakdygyny, senzuranyň gowşamagyna geitjekdigini aňlap bolmaýar.

Mälim bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow milli metbugatyň işini yzygiderli tankyt edýär we bu ugra ýolbaşçylyk edýän resmilere yzygiderli käýinç, duýduryş berýär, olary wezipesinden boşadýar. Döwlet baştutanynyň pikirine görä, metbugat materiallarynda türkmen jemgyýetinde amala aşyrylýan “oňyn özgertmeleri” we ýurduň “gazanýan ajaýyp üstünliklerini” giňden wagyz etmeli.

Döwlet baştutany bu ýyl “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçirilýän çäreleri möhüm hasaplaýar we bu şygaryň “çuňňur many-mazmunyny” beýan edýän filmleriň döredilmegini isleýär.

Türkmenistanda, Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda gelende aýdan sözlerine görä, gözlenip okalýan makalalar, kitaplar çap edilmeýär, tomaşaçylary özüne çekýän ýokary çeperçilikli oýunlar sahnalaşdyrylmaýar, kinolar düşürilmeýär.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertlerde gürleşen aşgabatly döredijilik işgärleriniň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistandaky döwlet senzurasy hiç bir döredijilik erkinligine ýol bermeýär, Metbugat hakyndaky kanun kagyz ýüzünde galýar.

Ýerli çeşmeler ilatyň soňky on ýylda milli metbugatdan barha kän daşlaşýandygyny, olara derek daşary ýurt habar serişdeleriniň, hususan-da rus we türk telekanallarynyň gepleşiklerine tomaşa edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda metbugat azatlygy, şol sanda garaşsyz metbugat serişdeleri ýok. Döwlet eýeçiligindäki metbugatda esasan prezident G.Berdimuhamedow hakynda öwgüli gürrüň edilýär, ilaty alada goýýan durmuş kynçylyklary agzalmaýar.

Emma muňa garamazdan, ýerli ilat, býujet işgärleri we harby gullukçylar, şeýle-de studentler mejbury abunaçy bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG