Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň gepleşiginden soň Maryda 'şugundyr işi' derňelýär


Mary, meýdan çöp otlap, prezidentiň saparyn ataýýarlanýan adamlar. Ýanwar, 2018.
Mary, meýdan çöp otlap, prezidentiň saparyn ataýýarlanýan adamlar. Ýanwar, 2018.

Azatlyk radiosynyň Garagum etrabyndaky çeşmesi Baýramaly daýhan birleşiginiň çäginde kärendeçileriň şugundyr önümlerini kabul edýän ammaryň işiniň prokuratura tarapyndan barlanylýandygyny habar berýär.

Bu barlag Azatlyk radiosynyň agzalan ammardaky bidüzgünçilikler, hususan-da kärendeçileriň önümleriniň, hapalygy ýokary diýen bahana bilen, hakyky agramyndan has azaldylyp kabul edilýändigi barada 25-nji ýanwarda efire beren gepleşiginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Şu gün Garagum etrap prokuraturasynyň işgärleri şol ammaryň bütin dokumentlerini alyp gitdi” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berýär.

Aýdylmagyna görä, Azatlygyň efire beren gepleşiginden soň bir kärendeçiniň tabşyran şugundyr ýüki gaýtadan, prokuraturanyňişgärleri tarapyndan barlanypdyr.

Ilki ol ýük ammaryň öz işgärleri tarapyndan barlananda, hapalyk derejesi 38 diýen belgini görkezdi, emma soň şol bir kärendeçiniň tabşyran şugundyrlary prokuratura işgärleri tarapyndan barlananda, hapalyk derejesi 8 diýen belgini görkezdi” diýip, Garagum etrabyndaky çeşme habar berdi.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynda ýaşaýan kärendeçileriň tassyklamagyna görä, bu etrapda şunuň ýaly iki sany ammar bar we, adatça, ammar ýolbaşçylary her kärendeçi ýük tabşyranda, şunuň ýaly emel edip, daýhanyň daban azabynyň hasabyna bikanun baýlyk toplaýarlar.

Olar şeýle usulda gazanýan baýlyklaryny ýokarsyndaky ýolbaşçylar bilen paýlaşýarlar, sebäbi şolardan goldaw bolmasa, bu hili işi uzak edip bolmaýar” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen kärendeçi aýtdy.

Şeýle-de ol kärendeçileriň göz-görtele haky iýilýärkä hem arz etmekden gorkýandygyny, sebäbi etrap ýolbaşçylarynyň hemişe bir-birini goldaýandygyny, arz eden adamlara sowet döwründen bäri ‘dawaçy’, ‘arzaçy’ diýen adyň dakylýandygyny we olaryň maşgala eklemeginiň has-da kynlaşdyrylýandygyny gürrüň berdi.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, şugundyr hasyly bilen bagly korrupsiýa balkanly kärendeçileri hem kyn ýagdaýda goýýar. Olar dökün, suw, teknika we ýer üçin doly töleg etmeli, emma hasylyň bahasyny welin doly alyp bilmeýärler diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Balkan welaýatynda pagtaçylyk, gowça ekmek bes edilenden soň 3500 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek karar edildi. Emma balkanly kärendeçileriň köpüsi şunça gektar ýerde ýetişdirilen gant şugundyryndan garaşylan girdejini alyp bilmeýändiklerini aýdýar.

Mysal üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýetişdirilýän gant şugundyry orta hasapdan 900-1000 km uzaklykda, Mary welaýatynda ýerleşýän gant fabrigine tabşyrylmaly. Bu ýolda ir ýa biraz giç ýygnalan şugundyryň bir bölegi öz-özünden zaýa bolýar.

"Muny bahanalap, hasyl kabul edilende zaýaçylygy has köpeldip ýazýarlar, ýagny 2 müň tonna gant şugundyrynyň 1 müň tonnasyny ‘ulanyp bolmajak’ önüm hökmünde hasapdan öçürýärler" diýip, kärendeçiler Azatlyk radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

Balkan welaýatynda ýygy-ýygydan saparda bolýan aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu sebitde döwletden kärendesine ýer alyp, gant şugundyryny eken daýhanlaryň “dişiniň akjaran ýyly ýok diýen ýaly”.

Ýöne ol Balkan welaýatynda gant şugundyrynyň ekilen ýerlerinden baýaýan resmileriň welin bardygyny, olaryň başga adamlaryň adyna ýüzläp gektar ýer alyp, hakyna tutulan işsizleriň zähmetiniň hasabyna her ýyl müňläp tonna şugundyr öndürýändigini aýtdy.

Elbetde, ýokary derejeli resmileriň başga adamlaryň adyna alan ýerlerinde öndürýän ekinine suw, dökün, tehnika kömegi-de wagtynda berilýär, olaryň şugundyr hasyly hem fabrikde kän azaldylman kabul edilýär" diýip, ýazyjy Bugaýew aýtdy.

Azatlyk radiosy bu temany geljekde hem dowam etdirmegi niýet edinýär we kärendeçileriň öz tejribelerini paýlaşmagyny haýyş edýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, sowet ýyllarynda pagta hasylynyň üstündäki korrupsiýa juda giň gerime eýe bolupdy we pagta harmanlaryna tabşyrylýan pagta hapa, çyg diýlip, daýhandan bikanun alnan pagtanyň we süýümiň uly harmanlary döredilýärdi. Soň bu pagta plan dolmadyk hojalyklara satylýardy.

SSSR synmazynyň öň ýanynda bu korrupsiýa resmi taýdan boýun alyndy we bir topar adam türmä basyldy. Emma muňa garamazdan, Türkmenistandan gowuşýan habarlar butejribelerden heniz hem netije çykarylmandygyny, hasyl ýygnalanda, daýhanyň hasabyna başga adamlaryň baýamagynyň dowam edýändigini tassyklaýar.

XS
SM
MD
LG