Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan prezident saýlawlaryny wagtyndan öň geçirmegi planlaşdyrýar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew

Uzak wagt bäri Azerbaýjana höküm sürüp gelýän Ylham Alyýew ýurtda geçirilmeli prezident saýlawyny alty aýdan agdyk öňe süýşürip, 11-nji aprele getirmek bilen basyş astyndaky garşydaşlary tarapyndan ýiti tankyt astyna düşdi.

17-nji oktýabra planlaşdyrylan ses berişlik üçin bellenen täze sene 5-nji fewralda prezidentiň internet sahypasynda yglan edildi.

Oppozision “Musawat” partiýasynyň başlygy Aryf Hajyly bu üýtgetmäni “Alyýewiň hökümdarlygyny ýene bir ýedi ýyl uzaltmak üçin edilýän iş” diýip tankytlady.

Hajyly Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň Alyýewiň esasy maksady oppozisiýanyň saýlawlara taýýarlyk görmeginiň öňüni almak diýip çaklaýandygyny aýtdy. Ýöne onuň pikiriçe, munda häkimiýet başyndaky elitanyň arasynda barýan oňuşmazlygyň hem rol oýnaýan bolmagy ähtimal.

Hajyly “hökümetiň içindäki oňuşmazlyga” salgylanyp, “olar saýlawlaryň basymrak geçmegini isleýärler” diýdi.

Yglannamada bu karara ýurduň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda gelnendigi aýdylýar.

Ylham Alyýew atasy Haýdar Alyýew tarapyndan ileri tutulýan oruntutar edip görkezilenden soňra 2003-nji ýylda häkimiýet başyna geldi.

KGB-niň öňki işgäri, sowet döwründe lider we 1993-nji ýyldan beýläk garaşsyz Azerbaýjana ýolbaşçylyk edip gelen Haýdar Alyýew ogly iş başyna geçeninden birnäçe hepde soňra aradan çykdy.

Jedelli Referendum

56 ýaşly Ylham Alyýew garşydaşlary, hukuk goraýjy toparlar we Günbatar hökümetleri tarapyndan aktiwistleri, žurnalistleri, şeýle hem oppozision syýasatçylary yzarlamakda, prezidentlik möhletini demokratik däl ýollar bilen uzaltmakda aýyplanýar.

Alyýew 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen jedelli referendumda Azerbaýjanyň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler arkaly saýlawlary öňe süýşürmek hukugyna eýe boldy.

Oppozisiýa we adam hukuklary aktiwistleri tarapyndan Alyýewiň häkimiýet başynda galmagyny berkitmek üçin ulanylýan gural diýlip ýazgarylan referendumda prezidentlik möhleti hem bäş ýyldan ýedi ýyl edildi.

Prezidentlige dalaş edýänleriň ýaşy azyndan 35 bolmaly diýilýän talap hem referendum arkaly ýatyryldy. Bu hem Alyýew şol wagt 19 ýaşynda bolan oglunyň prezident bolmagy üçin ýol açýar diýen çaklamalara getirdi.

2017-nji ýylyň fewralynda Alyýew öz aýaly Mehriban Alyýewany birinji wise-prezidentlige belledi. Referendum arkaly döredilen bu orun prezident aradan çykan ýa işe ýarawsyz bolan halatynda onuň aýalyny iş başyna geçmeli adamlaryň arasynda ilkinji hatarda goýýar.

Dekabr aýynda hem Azerbaýjanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler girizilip, azyndan 60 gün öň yglan edilen halatynda prezident saýlawlarynyň öňe süýşürilmegine ýol berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG