Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda proksi ulanyjylaryň interneti kesilýär


Lebap welaýatynda mobil telefonyna seredip barýan zenan. Illýustrasiýa suraty
Lebap welaýatynda mobil telefonyna seredip barýan zenan. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda internetden peýdalanýan ýaşaýjylar “VPN” we “Psiphon” proksi serwerleri arkaly Türkmenistandaky petikli saýtlara girjek bolanlarynda, özleriniň WiFi internet arabaglanyşygynyň kesilýändigini aýdýarlar.

“Biz “VPN” we “Psiphon” proksi serwerlerinden peýdalanjak bolanymyz üçin, WiFi-myzy petikleýärler. Men düşünemok, eger biz internetden peýdalanyp bilmejek bolsak, onda näme üçin her aýda 100 manat töleýäris?” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran lebaply diňleýjimiz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, özi ýaly WiFi internet hyzmatynda peýdalanýan başga-da ençeme lebaply ýaşaýjy “Lebaptelekom” edarasynyň tehniki bölümine jaň edende, olaryň ählisine “proksi serwerlerinden peýdalanylmaly däldigi” barada birmeňzeş jogap berilýär.

“Men operatora jaň edenimde, degişli resmiler maňa we meniň ýaly internetden peýdalanýan beýleki ýaşaýjylara ‘VPN-iň işlemeýändigini we ony ulansaň WiFi-yň öçürilýändigini’ aýtdylar” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça “Lebaptelekom” edarasy bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Ýöne bu maglumat, proksi serwerleri arkaly petikli saýtlara girjek bolýan aşgabatly internet ulanyjylarynyň WiFi internet arabaglanyşygynyň kesilýändigi barada peýda bolan habarlardan bir hepde gowrak wagt soňa gabat geldi.

29-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan we atlandyrylmazlygyny soran aşgabatly talyp özüniň Aşgabat şäher telefon ulgamynyň (AŞTU) internet hyzmatlaryndan peýdalanýandygyny aýdyp, proksi serwerleri arkaly ýurtda petikli Facebook, Instagram ýaly sosial ulgamlaryna girjek bolanda, internetiniň kesilendigini aýdypdy.

Şonda ol bu bökdençlik bilen baglanyşykly Aşgabat şäher telefon ulgamynyň tehniki bölümine jaň edendigini we degişli resmileriň özüne: “Siz näme proksi ulanýarsyňyzmy? Ýene ulansaňyz internetiňizi düýbünden keseris” diýip, haýbat atandygyny mälim etdi.

Türkmenistan media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň ýaramaz görkezijilerde ýerleşdirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan, internetiň “ganym duşmany” diýip atlandyrylýar.

2007-nji ýylyň başyndaky prezident saýlawlary kampaniýasy döwründe, Berdimuhamedow ýurduň ilatyna internet elýeterliligini wada beripdi. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan dünýäde öz ilatynyň internet ulanmagyny iň kän çäklendirýän ýa-da ýeterlik mümkinçilik döretmedik döwletleriň hatarynda agzalýar.

Birleşen Ştatlarda internet hyzmatlary boýunça ýöriteleşen “Akamai Technologies” guramasynyň dünýä ýurtlarynda internetiň ulanylyşy we elýeterliligi boýunça çap eden soňky hasabatynda, Türkmenistan öz ilatynyň internet elýeterliligini 20 prosentden hem aşakda saklaýan ýurtlaryň arasynda agzalýar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň habar serişdeleriniň “yamobi” internet-proýektiniň analitikleriniň geçiren barlaglaryna salgylanyp beren maglumatlaryna görä, Türkmenistan internetiň gymmatlygy boýunça 100 ýurtdan 97-nji orunda ýerleşdirildi.

Türkmenistan iň haýal tizlikli we iň gymmat internet bilen birlikde, interneti juda çäklendirýän ýurtlaryň arasynda hem agzalýar. Ýurtda Facebook, Twitter, Wkontakte we Instagram ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagyna galýar.

Türkmen resmileri Türkmenistanda informasion internet saýtlarynyň petiklenýändigi baradaky maglumaty ret edip, diňe “pornografiýa maksatly” diýip, häsiýetlendiren saýtlaryna girişleriň ýapylýandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG