Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda aýlyklary nagtlaşdyrmak düzgünlerine täze çäklendirme girizildi


Aşgabatdaky bankomatlaryň birinde puly nagtlaşdyrmaga synanyşýan ýaşaýjylar

Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynda işgärlere ýanwar aýy üçin zähmet haklarynyň berlip başlanmagy bilen, býujet işgärleri öz plastik kartlaryndaky aýlyklaryny nagtlaşdyranlarynda, täze çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, 7-nji fewralda paýtagtyň dürli künjeklerindäki bankomatlaryň öňünde uly nobatlary emele getiren býujet işgärleri öňkülerden tapawutlylykda, indi bankomatlardan bir gezekde 200 manatdan artyk puluň berilmeýändigini bilip galdylar.

“Bankomatlarda goýulýan puluň hümmeti ortaça 10 manada barabar. Kompýutere ornaşdyrylan düzgüne görä, bankomat birde 20-den köp pul birligini sanap, alyja gowşuryp bilenok. Netijede, bankomatyň öňünde nobaty ýeten adam aýlygyndan 1000 manady nagtlaşdyrjak bolanda, bankomatda ownuk pul birligi goýlandygy üçin, ‘şeýle pul mukdary size berlenok’ diýen ýazgy peýda bolýar. Onsoň adamlar 200 manat diýip ýazýarlar, bankomatlar 200 manady berýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, häzir adamlar bankomatlardan gündelik 1000 manat möçberinde diýlip kesgitlenen pul normasyny almak üçin, şol bir operasiýany azyndan bäş gezek gaýtalamaly bolýar. Şeýle-de, bankomatlarda ownuk pul birlikleri goýulandygy sebäpli, ondaky nagt pul öňki aýlardakydan hem ir gutarýar.

“10 manat hümmetindäki pullaryň goýulmagy bankomatlardaky puluň gaty çalt tamamlanmagyna getirýär. Bankomatlaryň ekranynda: ‘Bagyşlaň, pul ýok’ diýen awtomatik ýazgy çykýar. Onsoň adamlar başga bankomatlaryň gözlegine gidýärler” diýip, Bugaýew nobata duran adamlaryň ortaça dörtden bir böleginiň bankomatdan pul alyp bilýändigini aýdýar.

Aýdylmagyna görä, ýaşaýjylar Parahat-3 etrapçasynda ýerleşýän “Türkmenistan” bankynyň şahamçasyna baryp, bankomatlarda bir gezekde 200 manatdan artyk möçberde puluň berilmezliginiň we ondaky puluň ortaça 2 sagadyň dowamynda tamamlanmagynyň sebäpleri bilen gyzyklananda, jogapkär bank resmileri: “Meslige çydaňyzokmy? Wagtynda pul berilýän bolsa alyber. Pul gerek bolmasa-da, öýüňde otur” diýip, gödeksi jogap berýärler.

Türkmenistanda döwlet işgärleriniň aýlyklary plastik bank kartlaryna geçirilip başlananyna dört ýyl çemesi wagt boldy. Şondan bäri býujet işgärleriniň öz aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmak bilen baglanyşykly ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri häli-şindi dowam edýär.

Bu kösençlikler bankomatlaryň ýetmezçiligi ýa-da talabalaýyk işlemezligi we olarda köplenç nagt puluň tapdyrmazlygy ýaly ýagdaýlary öz içine alýar. Mundanam başga, türkmen raýatlary bir günüň dowamynda bankomatlardan Aşgabatda 1000 manatdan, welaýatlarda 300 manatdan artyk pul serişdesini alyp bilmeýärler.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bankomatlardan puly nagtlaşdyrmak bilen baglanyşykly täze çäklendirmäniň ýurtda ykdysady krizisiň dowam edýändigine we nagt dolanşykdaky puluň çäklidigine güwä geçýän ýene bir ýagdaýdygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bolsa, ýokarda gürrüňi edilen bökdençlikler we çäklendirmeler barada, häzirki güne çenli ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş bermän gelýärler. Şeýle-de, bu çäklendirmäniň diňe şu aýa mahsusdygy ýa-da däldigi hem nämälim bolmagynda galýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, aşgabatly döwlet işgärleriniň öz aýlyklaryny nagtlaşdyrmak bilen baglanyşykly başdan geçirýän kösençlikleri, ýurtda benziniň bahasynyň 50% ýokarlandyrylmagynyň fonunda – käbir azyk harytlarynyň 100% we hususy transport serişdeleriniň ortaça 70% gymmatlan, şeýle-de dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 13 manada ýeten döwründe bolup geçýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG