Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran asylly kanadaly alym Tähran türmesinde aradan çykdy


Eýranly karikaturaçy Şahrokh Heidariniň "Türmedäki Täze ýyl" diýen işi
Eýranly karikaturaçy Şahrokh Heidariniň "Türmedäki Täze ýyl" diýen işi

Eýran asylly kanadaly alym, tebigaty goraýjy aktiwist Tähranyň türmesinde aradan çykdy. Bu habary onuň ogly 10-njy fewralda twitter we instagram arkaly ýaýratdy.

Eýran häkimiýetleri tarapyndan ýanwar aýynda tussag edilen Kavous Seyed-Emaminiň ölümi baradaky habar onuň ogly, eýranly sazanda Raam Emami tarapyndan çap edildi, ol Seyed-Emaminiň ölümi baradaky habaryň ejesine 9-njy fewralda berlendigini aýtdy.

"Meniň kakamyň ölümi baradaky habar çekip-çydardan agyr. Men muňa şindem ynanyp bilemok” diýip, Raam Emami näbelli bir ýerden ýazdy.

Oglunyň ýazmagyna görä, häkimiýetler onuň 63 ýaşyndaky kakasynyň öz janyna kast edendigini aýtdylar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Adam hukuklary merkezi hem 11-nji fewralda Seyed-Emaminiň şahsyýetini tassyklaýan beýanat çap etdi.

Birleşen Ştatlarda tälim alan alym Seyed-Emami Pars ýabany haýwanlar fondunyň dolandyryjy direktory bolup, Eýranyň seýrek haýwanlaryny gorap saklamaga çalyşýardy.

Ol Tähranyň Ymam Sadegh uniwersitetinde onlarça ýyllap sosiologiýadan sapak berdi, bu okuw jaýy eýran režiminiň geljekki berk liniýaly liderleriniň okadylan ýeri hasaplanylýar. Seyed-Emami özüniň garşylyklaýyn garaýyşlaryny öwretmegi we okatmagy borç hasaplandygyny, özünde şeýle duýgynyň bolandygyny aýdypdy.

Eýran häkimiýetleri Seyed-Emamini tussag edendiklerini hiç wagt yglan etmediler, onuň ölümi hem resmi çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.

Seyed-Emami Eýranyň we Kanadanyň goşa raýatlygyna eýe bolandyr diýip ynanylýar. Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi häkimiýetleriň bu meselä seredýändiklerini aýtdy.

Bu soňky döwürde tutulan we türmede ölen aktiwistleriň diňe biri.

Türme häkimiýetleri dekabrda ýurt boýunça geçirilen köçe protestlerinden soň tutulan we türmede ölen üç tussagyň hem öz janyna kast edendigini aýdýarlar. Emma eýranlylaryň köpüsi bu aýdylýanlara ynanmaýar.

XS
SM
MD
LG