Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilat arasynda benziniň ýene-de gymmatlajakdygy baradaky myş-myşlar howsala döredýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Düýn 28-nji fewral güni Türkmenistanyň demirgazyk Daşoguz welaýatynyň ýangyç guýulýan stansiýalarynda uzyn ulag nobatlary emele geldi diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp çarşenbe güni habar berdi.

Awtoulag eýeleri 1-nji martdan başlap benziniň bahasynyň 1.5-dan 3 manada çenli 2 esse ýokarlanjakdygy barada dörän myş-myşlardan gorkup ýangyç guýulýan stansiýalara barýarlar diýip, neşir ýazýar.

Daşogzuň aeroportundan şähere girilýän ýoluň ugrunda ýerleşýän stansiýalaryň öňünde 1 kilometrden hem has uzyn nobatyň dörändigi, welaýatyň paýtagtyndan çykyp Köneürgenje gidilýän ýoluň ugrundaky ýangyç guýujy stansiýalarda-da şuňa meňzeş kartinanyň göze ilýändigi agzalýan maglumatda aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem ilat arasynda benziniň bahasynyň galjakdygy barada döreýän myş-myşlara we olaryň netijesinde awtomobil eýeleriniň arasynda ýüze çykýan howsalaly tolgunyşyklara ünsi çekýärler.

Azatlygyň bir çeşmesi demirgazyk welaýatyň administratiw merkezinde ýerleşýän ýangyç guýujy stansiýalarda 28-nji fewral güni benziniň elýetersiz bolandygyny, aradan bir gün geçensoň benziniň ýene-de öňki bahadan satylyp başlanandygyny habar berdi.

Bu sebitdäki çeşmelerimiz 20-nji fewralda-da welaýatynyň merkezi şäherindäki we etraplaryndaky ýangyç guýulýan stansiýalarda A-95 markaly benziniň tapdyrmaýandygyny habar beripdiler.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn bir çeşmesi hem “çaklamalaryň janynyň bardygyny”, öňümizdäki aýlarda Türkmenistanda benziniň 1 litriniň bahasynyň 2.5 manat – 3.5 manat aralygynda galmagynyň ahmaldygyny, sebäbi bu şertiň Yslam ösüş bankyndan we Halkara walýuta fondundan (HWF) kredit almak üçin wajypdygyny öňe sürdi.

Maglumat üçin aýdylsa, HWF-nyň baş maksatlarynyň hatarynda onuň agza ýurtlarda ynam döretmek üçin ýeterlikli amatly şertlerde fonduň umumy çeşmelerini wagtlaýyn olara elýeterli edip bilýändigi, şeýlelikde olaryň töleg ulgamlaryndaky nogsanlyklaryň sazlaşdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik döredýändigi agzalýar.

“Haçan-da agza ýurt HWF-a maliýe kömek üçin ýüz tutanda, ol döwlet ýa ykdysady krizisi başdan geçirýändir ýa-da krizis ýagdaýyna golaýlandyr. Agyr ykdysady şertleri başdan geçirýän agza döwletlere HWF kömek edýär” diýip, halkara maliýe edarasynyň käbir düzgünnamalaryna berilýän düşündirişiň agza ýurtlara karz bermek boýunça zerur bolan şertler baradaky bölüminde aýdylýar.

Türkmenistan HWF-na 1992-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda agza boldy.

Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň hyzmatdaşlyk edýän daşary döwletleriniň ykdysadyýetinde dörän pese gaçyşlygyň täsirinde galdy diýip düşündirmäge synanyşýan ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň sebäplerini Türkmenistanyň syýasy we ykdysady durmuşyny yzarlaýan synçylar häkimiýetleriň alyp barýan syýasatyndaky bärden gaýtmalara esaslandyrýar.

Ýatladyp geçsek, 2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda benziniň bahasy 50 % gymmatlap, ozal 1 manatdan satylan A-95 markaly ýangyjyň 1 litri 1,5 manat, öň 94 teňňeden satylan A-92 markaly benziniň nyrhy bolsa 1,35 manatdan bahalanmaly edildi.

Benziniň bahasynyň galmagy bilen fewral aýynyň ikinji on günlüginde Aşgabat şäherinde senagat we käbir azyk harytlarynyň bahasy 80 % ýokary galypdy.

Şol bir wagtyň özünde, benziniň gymmatlamagy bilen Türkmenistanda süýt-gatyk önümleriniň nyrhlary hem 100 % gymmatlapdy.

Şeýle-de, soňky birnäçe aýyň dowamynda daşary ýurt walýutasynyň nyrhy hem durnuksyz oýnap, onuň bahasy resmi kurs bilen deňeşdireniňde takmynan 3-4 esse ýokary galdy.

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýändiginiň aýdylýan wagtynda döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallarynda halkyň ýüzbe-ýüz bolýar diýilýän kynçylyklary barada gürrüň edilmeýär, muňa derek “bedew bady bilen” gazanylýan ösüşler diýlip yzly-yzyna “bagtyýarlyk zamanasy” barada wideo reportažlar efire berilýär.

XS
SM
MD
LG