Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin saýlawlarda ýeňiş gazanýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýene-de alty ýyl häkimiýet başynda bolar.

Russiýada 18-nji martda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, ýurduň häzirki baştutany Wladimir Putin öňde barýar. Şol bir wagtda, saýlaw uçastoklarynda müňlerçe kanunbozmalaryň bolandygy barada hem maglumatlar gowuşýar.

Ähli saýlaw uçastoklary ýapylandan soň, sesleriň 65% töweregi sanalmagy netijesinde Wladimir Putin sesleriň 75.7%-ni alypdyr.

Pikir-soralyşyk merkezleriniň berýän maglumatyna görä, ekzit-pollaryň netijesinde Wladimir Putin sesleriň 73%-ni almagy başarypdyr.

Merkezi Saýlaw Komissiýasy Kommunistik partiýadan dalaşgär Pawel Grudininiň sesleriň 12,7%-ni, beýleki dalaşgär, aşa milletçi Wladimir Zirinowskiniň sesleriň 6,1%-ni we zurnalist Kseniýa Sobçagyň sesleriň 1,4%-ni alandygyny mälim etdi.

Beýleki dalaşgärler, ýagny liberal Grigoriý Ýawlinskiý, milletçi Sergeý Baburin, Russiýanyň kommunistleri partiýasyndan Maksim Suraýkin we merkezçi Boriw Titow 1%-den hem az sesleri aldylar.

65 ýaşly Putin Kremliň daşynda ýygnanan adamlaryň öňüne çykyp, ses berenlere sag bolsun aýtdy.

XS
SM
MD
LG