Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Howpsuzlyk gulluklary telefonlary barlaýar, Azatlygyň çeşmelerini gözleýär


Howpsuzlyk gulluklary bir adamy soraga äkidip barýarlar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň demirgazyk regionynyň häkimiýetleriniň soňky iki hepdeden gowrak wagt bäri görýän berk çäreleriniň çäklerinde, ýurduň Daşoguz welaýatynda polisiýa gulluklary býujet işgärleriniň, hususan-da bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň mobil telefonlaryny köpçülikleýin ýygnap, esasan Azatlyk Radiosyna maglumat iberýän adamlary tapmak üçin telefonlaryň içindäki maglumatlary barlaýarlar.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosy bilen atlandyrylmazlyk şertinde 18-nji martda habarlaşan daşoguzly çeşmäniň aýtmagyna görä, hukuk goraýjy gurmalaryň ýurtda ozalam berk gözegçilikde saklanýar diýýän maglumat elýeterliligini agzalýan regiondaky häkimiýetler barha gysyp, berk çäreleri görýärler we Azatlyk bilen habarlaşýan adamlary “awlamak” üçin tutuş býujet işgärleriniň telefonlaryny ýygnap, olary ilik-düwme barlaýarlar.

Welaýatyň polisiýa gullugyndan bir işgäriň Azatlygyň çeşmesine gürrüň bermegine görä, görülýän çäreler diňe Azatlyga maglumat iberýänleri anyklamaga gönükdirilipdir.

Şeýle-de, “barlag” geçirilen mekdeplerden bir mugallymyň Azatlygyň welaýatdaky habarçysyna atlandyrylmazlyk şertinde gürrüň bermegine görä, polisiýa işgärleri ony soraga çekip Azatlyga “maglumat syzdyrýaňmy, ýa-da syzdyrýan adamlary bilýäňmi?” diýen soraglary sorapdyr.

Soňky döwürlerde Azatlyk Radiosynda ýurduň demirgazyk welaýatynyň ýaşaýjylarynyň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dürli habarlar peýda boldy.

Mysal üçin, Azatlyk Radiosy 26-njy fewralda Daşoguzyň etraplarynyň birinde dörän kepek nobatyndan düşürildi diýilýän wideo ýazgyny, 15-nji fewralda un ýetmezçiligi baradaky gürrüňleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häkimiýetleriň görýän berk çäreleri baradaky maglumatlary, şeýle-de 12-nji fewralda hojalyklardaky artykmaç unlaryň konfiskasiýa edilmegi baradaky maglumatlary paýlaşdy we halkyň duş gelýän gündelik kynçylyklaryny güntertibinde saklady.

Has golaýda, ýagny 6-njy martda welaýatdan gelip gowşan başga bir wideo halk arasynda ýiti reaksiýa döredip, sagdyn jemgyýet ugrunda ýurtda alnyp barylýar diýilýän çärelere Azatlygyň yzarlaýjylarynyň şübheli we soragly garamagyna getirdi. Görnüşinden, bu ýagdaý halkara hukuk goraýjy guramalaryň Türkmenistanda durmuşyň ähli ugurlaryny berk gözegçilikde saklaýar diýip häsiýetlendirýän türkmen häkimiýetlerini ynjalyksyzlandyrýana çalym edýär.

Ýadyňyzda bolsa, welaýatyň güýç gulluklary mundan ozalam halkara guramalaryň maglumat elýeterliligine garşy göreşmek diýip häsiýetlendirýän “basyş çärelerine” baş goşupdylar. Has takygy, 2016-njy ýylyň 3-nji dekabr güni Daşoguz welaýatynyň güýç ulanyjy gulluklary Azatlyk Radiosynda Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden Hudaýberdi Allaşowy tussag etdi. Daşoguzdaky mejbury pagta kampaniýasy, azyk ýetmezçiligi, we ençeme wagtlap saklanan aýlyklar barada maglumat taýýarlan Allaşowyň tussaglyk döwründe gynalandygyny waka şaýat bolanlar habar beripdi. Ýurduň syýasy durmuşyny yzarlaýan synçylar oňa bildirilen aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýarlar. Allaşow aradan takmynan iki ýarym aý geçensoň, ýagny 15-nji fewralda şertli tussaglyk hökümi bilen suduň jaýyndan azatlyga goýberilipdir, diýip Azatlygyň welaýatdaky çeşmeleri habar beripdi.

Şeýle-de, daşoguzly çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Azatlygyň welaýatdaky habarçysynyň tussag edilmeginden bir hepde soň, ýagny 7-nji dekabrda ýerli häkimiýetler, welaýatyň käbir oba mekdeplerinde ýörite duşuşyklar geçirip, onuň dowamynda Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini internetden ýa-da sputnik antennalarynyň üsti bilen diňlemezligi tabşyrypdyrlar.

Şol bir wagtyň özünde, agzalýan döwürde howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri çanak antennalary Hotbird sputnigine tarap bakdyrylyp oturdylan hojalyklara aýlanyp, olaryň eýelerinden düşündiriş alypdyrlar, diýip welaýatdaky çeşme şonda habar beripdi. Mälim bolşy ýaly, Hotbird sputnigi arkaly türkmenistanlylar Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňläp bilýärler.

Türkmenistan dünýä boýunça azatlyklara baha berýän Freedom House guramasynyň ýaýradýan hasabatlarynda ýyldan-ýyla söz we metbugat azatlygynda dünýäde yzky orunlary eýeläp, guramanyň 2017-nji ýyldaky hasabatynda-da oňa “azat däl” kategoriýasynda orun berilýär. Dünýä boýunça media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy hem 2016-njy ýyldaky hasabatynda Türkmenistanda internet giňişliginiň ýiti çäklendirilýändigini aýdypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG