Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un söwdasy berkidilýär, Daşoguzda satyjylar 'unuň azdygyny' aýtmasyz edildi


Aşgabat, "Kämil bazarda" un alýan alyjy
Aşgabat, "Kämil bazarda" un alýan alyjy

Daşoguzda un satyn almakçy bolýan ýaşaýjylardan indi ýaşaýan ýerlerindäki etrap gaz we elektrik edaralaryndan ulanan elektrik togy we gazy üçin bergisiniň ýokdugy hakynda güwänama getirmek talap edilýär diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berýär.

Şeýle-de, un satyn aljaklar ýaşaýan öýüniň “gaz taslama kitapçasy bar”, “sanly hasaplaýjysy bar” diýen kepilnamalary getirmeli, ýogsa olara bir kilogram un hem satmaýarlar diýip, Daşoguzdaky çeşmelerimiz aýdýarlar.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyndaky un gytçylygy we un gymmatlamasy, kesgitlenen bahadan satylýan kepek nobatyndaky dawalar baradaky maglumatlar Azatlyk radiosyna esasan geçen ýylyň soňky aýlarynda gelip başlady.

Soňra Azatlyk radiosynyň Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky çeşmesi hem un gytçylygy we un nyrhlarynyň üýtgeýşi baradaky maglumatlary habar berdi.

12-nji fewralda bolsa, Daşoguzdaky çeşmämiz Ruhybеlеnt etrap häkimliginiň regionda emele gelen un gytçylygyna täzе çözgüt tapmagyň aladasyny edýändigini habar berdi.

“Bu täze çözgüt gurply ýa-da özüni oňarýan adamlaryň öýlеrindе barlag gеçirip, maşgala agzalarynyň alada edip, köpräkden alyp goýan unlaryny konfiskasiýa etmegi öz içine alýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşme habar berdi.

Onuň sözlerine görä, welaýatyň ýöritе barlag komissiýasynyň agzalary soňky günler hеr hojalykda adam sanyna görä iň köpi 2 gap undan köp bolsa, rеsminama taýýarlap, “artykmaç unlaryň” konfiskasiýa ediljekdigini ilata duýdurýar.

Azatlygyň çeşmesiniň 15-nji fewralda iberen maglumatyna görä, demirgazyk welaýatyň resmileri ilat arasynda ýaýran un dowluny hem ýatyrmak, adamlary köşeşdirmek çärelerini hem görýärler.

Çeşmäniň maglumatyna görä, welaýat derejesindäki resmiler söwda işgärlerine “un az diýmäň, miýilnamadaky uny dükanlara doly möçberinde çykaryp durus, emma puly bar adamlar uny 40-50 gapdan satyn alýarlar, biz öz işimizi edip durus diýiň” diýip öwredipdirler.

Mundanam başga, ammarlarda hakykatda bugdaý, un az-da bolsa, welaýat resmileriniň “Halk içinde un köp diýip gürrüň ýaýratmak” barada tabşyryk berendigi aýdylýar.

Azatlygyň başga bir çeşmesi bolsa, dükanlarda satylýan unuň hem norma esasynda, ýagny maşgaladaky adam sanlyny nazarda tutmak bilen goýberilmeli edildendigini tassyklaýar. “Maşgaladaky her adam başyna aýda 5 kilogram un satylmaly edildi” diýip, ol Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Bu hili normanyň beýleki regionlardaky dükanlarda hem girizilmek ähtimallygyny anyklamak başartmady.

Mundanam başga, Daşoguzdaky un gytçylygy barada Azatlyk radiosynda berlen maglumatlardan soň, ýerli çeşmäniň sözlerine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow etrap häkimlerini, Görogly, Daşoguz, Köneürgenç un zawodlarynyň başlyklaryny Aşgabada hasabat bermäge çagyrypdyr. Emma bu maglumaty başga çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Şu aralykda Türkmenistanda ekilen güýzlük bugdaýyň gögerişiniň juda ýaramazdygy, sebäbi ýylyň gurak gelendigi barada aladalar eşidildi.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, Ahal we Balkan welaýatynyň meýdanlarynda ekilen bugdaýyň gögerişi juda ýaramaz, gögeren maýsalar bolsa, suw ýetmän, süllerip otyr. Emma Azatlyk radiosy ýurduň beýleki ýerlerinde ekilen bugdaýyň gögerişi, galla üçin bölünen meýdanlardaky ýagdaý barada anyk maglumatlary alyp bilmedi.

Prezident Berdimuhamedow soňky bir ýylda doldurylmadyk önümçilik planlary üçin hojalyk ýolbaşçylaryndan hasap soraljakdygyny, günäkär adamlaryň jogapkärçilige çekiljekdigini birnäçe gezek dile getirdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýerli synçylar, şol sanda ýazyjy Bugaýew hökümetiň gurak gelen ýylda bugdaý ekip, zyýana galan daýhanlara berlen tohum we beýleki harajatlar üçin jerime salman, kyn ýagdaýda galan daýhanlara kömek etmelidigini öňe sürýär.

Türkmenistanda geçen ýyl bugdaý plany dolunmady we hökümet ýuirduň azyk howpsuzlygy boýunça ýörite komissiýa döretdi, emma bu komissiýa un gytçylygy ýa ammarlardaky un, bugdaý ätiýaçylary barada hiç bir düşündiriş bermeýär.

XS
SM
MD
LG