Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Nowruz baýramyny belleýär


Arhiwden alnan surat

21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi belleýär.

Taryhçylaryň tassyklamagyna görä öz geçmişini gadymyýetden alyp gaýdýan bu baýramçylyk Türkmenistanda döwlet derejesinde, şeýle-de halk arasynda giňden bellenýär.

Türkmen halky “täzelenişiň we özgerişiň buşlukçysy” bolan Nowruz baýramyna ähmiýet berýär; ýörite datly tagamlar, şol sanda “semeni” taýýarlanyp, türkmen maşgalalary däp bolan baýramçylyk çärelerine eýerýärler, adamlar birek-biregi mähir bilen gyzgyn gutlaýarlar.

Ýurtda bu baýramçylyga döwlet derejesinde-de ähmiýet berlip, adatça, esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtdan takmynan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ak bugdaý etrabynyň “Ahal ýaýlasynda” geçirilýär. Ol ýerde gara öýler dikilýär, gazanlar atarylýar, baýramçylygyň geçirilýän ýerine köplenç mejbury getirilýän adamlar dürli çärelere gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallarynda bu gün, ýagny 21-nji martda yzygiderli Nowruz baýramyna bagyşlanan gepleşikler efire berilýär. Adatça, baýramçylyk çykyşlaryna paýtagtdan we welaýatlardan gelen medeniýet-sungat işgärleri, aýdymçydyr sazandalar gatnaşdyrdylýar; olaryň käbirlerine “ýalyga towusdy”, “ýüzük ýitirdi” diýen ýaly milli oýunlar oýnatdyrdylýar, tans etdirdilýär, aýdym aýtdyrdylýar, degişme sahnalary goýdurylyp, tomaşaçylar güldürdilýär. Milli lybaslara bürelen medeniýet işgärlerine etnografiki kompozisiýa döretdirilip, olar ýa gara öýleriň içinde, ýa-da daşarda kä türkmen tagamyny bişirýän sahnada, kä haly dokaýan ýaly bolup düşülen, käte keçe çekýän ýaly bolup guralan sahnalarda we şuňa meňzeş beýleki “guramaçylykly” çärelerde surata alnyp ýurduň telewizion kanallarynda görkezilýär.

Ozalam habar berişimiz ýaly, bu ýylky Nowruz baýramçylygynyň paýtagtda geçirilýän esasy çärelerine gatnaşmak üçin ýurduň welaýatlaryndan 800-e golaý adam 14-nji mart güni Aşgabada gelipdi.

Sebitlerden gelen aýdym-saz we tans toparlaryna ýolbaşçylyk edýän welaýat häkimlikleriniň medeniýet bölüminiň işgärleri bilen gürrüňdeş bolan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew her welaýatdan ortaça 150 çemesi adamyň Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyklara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelendigini aýtdy.

Ýatladyp geçsek, şondan iki gün ozal ýagny 12-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resmilere Nowruz baýramy mynasybetli guraljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrypdy.

Agzalýan baýramçylyk çäreleriniň bu ýylky tapgyryna gatnaşmak üçin paýtagta gelen raýatlaryň 10 çemesiniň aýtmagyna görä, olar aslyýetinde degişli häkimlikleriň çäreler bilen bagly özleri üçin etmeli çykdajylaryny öz jübülerinden töleýärler.

Häkimlikler soňra edilen çykdajylaryň öwezini dolýar diýip, biri-birinden garaşsyz 10 “çäreçi” Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, bu ýyl Türkmenistanda Nowruz baýramynda ýowar geçirip, köpçülikleýin agaç oturtmak çärelerine-de döwlet derejesinde taýýarlyk görlüpdi. Ýurduň prezidenti 19-njy martda geçiren wideo-şekilli maslahatynda Nowruz baýramyna taýýarlyga we onuň dowamynda geçiriljek agaç oturtmak aksiýasyna aýratyn üns berip, bu çäreleri ýokary derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny gaýtalady.

Prezidentiň kararyna görä, şu ýyl Türkmenistanda 3 million agaç nahallary oturdylar.

Maglumat üçin aýdylsa, Nowruz baýramy 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda, ýagny Türkmenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Täjigistanda, şeýle-de Azerbaýjanda Nowruz baýramy döwlet baýramçylygy hökmünde kabul edildi.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda we media serişdelerinde 21-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Nowruz baýramy” mynasybetli halkyna iberen gutlagy jemgyýetçilige ýetirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG