Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň websaýtyny açmak, gepleşiklerini deňlemek howpsuzdyr


Azatlyk Radiosynyň resmi belgisi
Azatlyk Radiosynyň resmi belgisi

Azatlyk Radiosynyň hormatly diňleýjileri we okyjylary! Soňky döwürde türkmen häkimiýetleri söz azatlygyna garşy çärelerini güýçlendirdiler we ýurduň içindäki we daşyndaky wakalar barada garaşsyz hem obýektiw maglumat almak isleýän TÜRKMENISTANLYLARYŇ HUKUKLARYNY basyp ýatyrmak boýunça tagallalaryny artdyrdylar.

Читайте также на русском

Azatlyk türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň raýatlaryň Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girmez ýaly olary gorkuzmak boýunça edýän synanyşyklary barada habar beripdi. Munuň yzýany bize okyjylardan saýtlara girmek, gepleşikleri diňlemek we Azatlygyň habarçylary bilen habarlaşmak howpsuzmy diýen soragly hatlar gelip başlady.

Azatlyk Radiosy Türkmenistandaky ýagdaýlara düşünjeli garaýar. Munuň bilen bir wagtda-da, websaýtymyza girmegiň siziň howpsuzlygyňyza we gizlinligiňize hiç hili töwelgelçilik döretmeýändigini dykgatyňyza ýetirýäris. Azatlygyň türkmen we rus dillerindäki saýtlarynyň Türkmenistanda petikli bolmagy sebäpli, biziň okyjylarymyz ýörite Azatlyk üçin döredilen Psiphon 3 ýaly VPN programmalaryny ulanmaga mejbur bolýarlar. VPN programmalary, bolsa, bloklary açmakdan daşary, internet ulanyjynyň howpsuzlygyny, gizlinligini üpjün edýärler, ýagny kompýuteriňizde ýa-da mobil guralyňyzda siziň Azatlyk Radiosyna ýa-da Türkmenistanda bloklanan islendik beýleki websaýta gireniňizden soň yz galmaýar.

Şeýle-de, siz TOR brauzerini ulanyp bilersiňiz, ony şu adresden ýükläp bolýar: https://www.torproject.org/. Üstesine, siziň gizlinligiňiziň üpjün edilmeginden daşary, bu brauzer Türkmenistanda petiklenen websaýtlaryň bloklaryny açyp bilýär.

Bu wideoda TOR brauzerini ýüklemek we ulanmak boýunça instruksiýa bar

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň, habarçylarynyň, redaksiýa bilen habarlaşýan diňleýjileriň we okyjylaryň gizlinligine we şahsy maglumatlaryna degişli meselelere örän çynlakaý çemeleşýär. Biz bilen habarlaşmagyň iň howpsuz ýoly – saýtymyz arkaly, adresimiz: https://www.azathabar.com/p/4991.html.

Şeýle-de, siz öz maglumatyňyzy şu elektron adreslerine ýollap bilersiňiz: hat@azatradio.org, yusupovf@rferl.org.

Eger-de, biz bilen telefon arkaly habarlaşmak isleseňiz, jaň ediň: +420 724 168 983 we +420 773 797 383

Şu telefon nomerlerine Telegram, WhatsApp, Signal ýaly mesenjerler arkaly hem çykyp bolýar.​

Ýatladýarys, Türkmenistanyň raýatlarynyň maglumat edinmek hukugy ýurduň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda kepil geçilýär: “Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur. Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez. Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr”.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň Baş kanunynyň 38-nji maddasynda raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň goragy kepillendirilýär: “Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär”.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kanun goraýjy organlarynyň Azatlyk Radiosynyň çeşmelerini tapmak maksatly raýatlaryň mobil telefonlaryny zor bilen barlamak ýaly hereketleriniň ýurduň kanunlaryna ters gelýändigine ünsi çekýäris. Azatlyk Radiosynyň 19-njy martda çap eden maglumatynda şeýle wakalar barada habar berlipdi.

“Freedom House” guramasynyň 2017-nji ýylda ýaýradan hasabatynda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň derejesi “erkin däl” kategoriýada ýerleşdirilendir. Halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistana metbugat we media atmosferasy boýunça berilýän bahalar köplenç Demirgazyk Koreýadan köp tapawutlanmaýar.

XS
SM
MD
LG