Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Saýlawçylaryň 91%-i ses berdi, emma ýerli synçylar ses berýän adamlaryň juda azdygyny aýdýarlar


Ses bermäge gatnaşýan zenan. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurduň Mejlisine deputatlary, halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalary saýlamak boýunça 25-nji martda 07:00-da başlap, 19:00-da tamamlanandygyny we oňa ses berijileriň 91%-den gowragynyň gatnaşandygyny aýdýar.

Читайте также на русском

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky azyndan bäş saýlaw uçastogyna syn eden we biri-birinden garaşsyz çeşmeleri ses bermäge barýan adamlaryň sanynyň örän çäklidigini, ortaça her 10-15 minutdan bir adamy görse bolýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,69% ses berdi. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,75% ses berdi. Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,68% ses berdi” diýip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar öz websaýtynda çap eden maglumatynda belleýär.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri paýtagtyň 47, 48, 55, 62, 51-nji mekdeplerindäki we käbir Saglyk öýlerindäki saýlaw uçastoklarynda geçen ýyllarda bolşy ýaly ses bermek üçin kadaly şertleriň döredilendigini, ýöne ses bermäge barýan adamlaryň tas ýok diýen ýaly derejede azdygyny belleýärler.

“Sagat 10:00-a çenli ses bermäge hiç kim gelmedi diýse-de boljak. Ondan soňra ýek-tük adam gelip başlady. Men özüm sagat 12:00 töweregi ses berdim. Şonda ses bermäge baryp, ýörite depderçä gol goýan adamlaryň sany hem örän azdy” diýip, Türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabunts gürrüň berdi.

Galyberse-de, ol özüniň we başga-da ýaşaýjylaryň ençemesiniň kimi saýlaýandygyna doly düşünmän ses berendigini, sebäbi kandidatlaryň ilat arasynda duşuşyklary geçirmän, diňe döwlete degişli käbir edara-işgärleriň öňünde çykyşlary edendigini aýdýar.

“Men kime ses berýändigimi bilmedim. Sebäbi jaýlarda ýa-da başga ýerlerde dalaşgärleriň portretleri hem asylmady. Saýlaw uçastogynda hem diňe alty kandidatyň portreti bardy. Olaryň diňe türkmen dilinde ýazylan terjimehallary hem bardy. Olar aýal-erkek yzygiderliginde ýerleşdirilipdir” diýip, Şabunts saýlaw uçatogyny surata düşürmäge rugsat berilmändigini hem belledi.

Aşgabadyň 48-nji mekdebiniň girelgesi
Aşgabadyň 48-nji mekdebiniň girelgesi

Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, 47, 55, 62, 51-nji mekdeplerindäki we käbir Saglyk öýlerindäki saýlaw uçastoklarynda stolunda “Ýerli synçy” diýlip ýazgy ýazylan bir adamyň oturandygyny, ýöne halkara synçylarynyň göze ilmeýändigini aýtdy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylarynyň wekilçilikli topary hem-de ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleri Aşgabada bardylar.

TDH-nyň habarynda saýlawlara milli synçylaryň 4 müňden gowragynyň gatnaşmagy onuň açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýda geçmegine ýardam berer diýilse-de, Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly geçirildi diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

Bu aralykda, “Türkmenistan Altyn Asyr” neşiri 25-nji martda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepdäki saýlaw uçastogyna baryp ses berendigini habar berdi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly 36 ýaşly Serdar Berdimuhamedow hem dalaş edýär.

Türkmenistandaky syýasy ýagdaýlara ýakyndan syn edýän halkara synçylarynyň käbiri “türkmen saýlawlary dinastiýa ugrundaky nobatdaky çärä çalym edýär” diýýärler.

Resmi maglumata görä, şu ýyl saýlawlar boýunça saýlawçylaryň jemi 3,291,312-si hasaba alyndy. Ýurt boýunça hasaba alnan saýlaw uçastoklarynyň 2604-siniň hemmesinde ses berişlikler 19:00-da tamamlanýar.

Saýlawlarda ýurduň Mejlisiniň 125 ornuna 284 kandidat dalaş edýär.

Teswirleri gör (9)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG