Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan: Ýerli häkimiýetler hojalyklara aýlanyp, adamlar üçin niýetlenen azyk-harytlary mallara bermezligi tabşyrýar


Sygyr

Türkmenistanyň demirgazyk Balkan welaýatynyň käbir etraplarynda türkmen häkimiýetleri mal saklaýan hojalyklara aýlanyp, olara adamlar üçin niýetlenip öndürilýän çörekleri dükanlardan satyn alyp mallaryna bermeklerini, şäher ilatyna umuman mal saklamagy gadagan edýän duýduryşlary berýärler.

Agzalýan mesele boýunça Azatlyk Radiosyna giňişleýin maglumat beren aşgabatly ýazyjy hem-de synçy Amanmyrat Bugaýew söhbetdeşligiň barşynda bu çäreleriň hususan-da haýsy etraplarda geçirilýändigini, häkimiýeleriň esasan haýsy ýagdaýlardan nägile bolýandygyny gürrüň berdi:

“Soňky döwürde ‘buz üstünde tozan aramak’ diýen ýaly bir ýagdaý ýüze çykyp başlady. Bu ýagdaý ylaýta-da öňki Gyzylarbat häzirki Serdar, öňki Gazanjyk häzriki Bereket etraplarynda has-da göze ilginç ýagdaý. Etrap häkimliginiň işgärleri polisiýanyň uçastok inspektory diýilýänler bilen bilelikde şäheriň gyrak-bujagynda mal-gara saklaýan öýlere aýlanýarlar, hem-de gönüden-göni aýdýarlar “Siz mallaryňyza dükanlardan arzan bahaly çöregi ýa-da bolmasa unuň pes sortuny gizlin ýol bilen alyp, mal-garalaryňyza iým hökmünde berýän ekeniňiz. Bu döwlet tarapyndan ýöredilýän syýasata gabat gelenok. Siz näme üçin halkyň iýmiti üçin öndürilýän zady mal-garaňyza berýäňiz!? Häzirlikçe biz size dilden duýduryş berýäris, ýöne aslynda welin siz barasynda egilişige gidilýär, sebäbi Türkmenistanda hereket edýän kanunlara we kararlara laýyklykda şäher ýerlerinde hem-de şäher tipli posýoloklarda mal-gara saklamak, hatda towuk saklamagam gadagan. Biz görmezlige bilmezlige salýarys welin sizem gitdigiçe biziň başymyza çykýaňyz!” diýip adamlara duýduryş berýärler” diýip, Türkmenistanyň çäklerinde, şol sanda Balkan welaýatynda bolup geçýän täzelikleri ýakyndan yzarlaýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew 26-njy martda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Şeýle-de söhbetdeşimiz häkimiýetleriň halka berýän duýduryşlarynyň berjaý edilmedik ýagdaýynda, olaryň ilata jerime salmak haýbatyny, hem-de halkyň mallaryny döwletiň haýryna geçirmek haýbatyny atýandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Paýtagtly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüňdeşligiň dowamynda agzalýan regionyň ilatynyň öňden bäri maldarçylyk bilen meşgullanýandygyny nygtap aýtdy:

“Türkmenistanyň günbatar regiony, ýagny häzirki Balkan welaýaty ata-baba maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýän ýer. Ol ýerde ilatyň güzeranyny dolamagy köp halatda, ylaýtda-da öňki Gyzylarbat häzirki Serdar, öňki Gazanjyk häzirki Bereket, öňki Kransnawodsk häzirki Türkmenbaşy etraby ýaly etraplarda ilatyň ýaşaýyşyny mal-garasyz göz öňüne-de getirmek mümkin däl” diýip, Bugaýew belledi.

Ýurduň günbatar regionynda häkimiýetler adamlar üçin öndürilýän azyk-harytlaryň mallara berilmegine garşy duýduryş işlerini geçirýän wagty, beýleki bir tarapdan, mundan ozal, has takygy fewral aýynda ýurduň demirgazyk welaýatynda “kepek” ugrundaky nobatlar barada wideo şekilli görnüşler peýda bolupdy.

Ýatladyp geçsek, ýaňy ýakynda paýtagt Aşgabatda zibilhana dörüp, gaty çörek toplaýan we olary mal saklaýanlara satýan türkmenistanly ýaşlar barada maglumatlar 22-nji martda peýda bolupdy.

Ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligiň ýurduň maldarçylyk pudagyna-da täsir edýändigini ýerli synçylaryň ençemesi belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, 24-nji martda peýda bolan maglumatda ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda geçen ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda başlanan iým gytçylygynyň henizem dowam edýändigini, munuň netijesinde mallaryň köpçülikleýin öldürilip ete geçirilýändigini gürrüň berdiler.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Nyýazowyň ýurda baştutanlyk eden döwründe gowaça ekýän hojalyklara künjaradyr pagta çigidiniň ýagy, şeýle-de şolha mugt berlip hususy maldarçylyga döwlet tarapyndan kömek edilýärdi.

Balkan welaýatyndaky agzalýan çäklendirmeler we duýduryşlar barada, şeýle-de ýurtda dowam edýän iým gytçylygy hakynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we habar serişdelerinde maglumat berilmeýär.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG