Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň ogly deputatlyga saýlandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar nobatdaky gezek deputatlyga saýlandy.

Читайте также на русском

Resmi maglumata görä, Serdar geçen ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda sesleriň 91.42% alypdyr. Ol 25-nji “Duşak” saýlaw okrugyndan dalaş edipdi. Onuň bilen birlikde, bu okrugdan Kaka etrabynyň 10-njy mekdebiniň mugallymy Oguljeren Gurdowa hem dalaş edipdi.

Serdar sesleriň 25 müň 700, ýagny 91,42%-ni, Gurdowa bolsa, 2 müň 412, ýagny 8,58%-ni alypdyrlar. Bu saýlaw okrugynda jemi 30 müň 316 adamyň ses bermäge hukugy bolupdyr.

38 ýaşynyň içindäki Serdara ýurduň häzirki baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet ugrundaky mirasdüşeri hökmünde garalýar.

Merkezi Saýlaw toparynyň 25-nji martda geçirilen saýlawlara ses berijileriň 91%-den gowragynyň gatnaşandygyny mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky azyndan bäş saýlaw uçastogyna syn eden we biri-birinden garaşsyz çeşmeleri ses bermäge barýan adamlaryň sanynyň örän çäklidigini, ortaça her 10-15 minutdan bir adamy görse bolýandygyny aýdypdylar.

Bu saýlawlary ozalky saýlawlardan tapawutlandyrýan esasy waka bu saparky saýlawlarda ýurduň wezipe başyndaky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedowyň deputatlyga dalaş etmegi boldy.

Halkara synçylar Serdaryň saýlawlarda “aňsat” ýeňiş gazanjakdygyny, munuň netijesinde onuň Mejlisiň başlygy wezipesine geçmegi ugrunda päsgelçilikleriň aradan aýryljakdygyny, şeýlelikde onuň Konstitusiýa laýyklykda ýurtdaky iň ýokary ikinji wezipä getiriljekdigini çaklaýarlar.

2-nji martda metbugatda çap edilen maglumatlarda Büzmeýiniň 15-nji saýlaw okrugyndan Mejlisiň häzirki başlygy Akja Nuberdiýewanyň parlamente agzalyga hödürlenýändigi habar berildi.

Ýöne, 6-njy martda deputatlyga hödürlenýänleriň täzelenen sanawynda agzalýan uçastokdan dalaş edýänleriň sanawynda diňe Gurbanberdiýew Muhammetnazaryň ady agzalyp, Akja Nuberdiýewanyň ady agzalmady. Beýleki her bir saýlaw uçastogyndan 2-3 dalaşgär hödürlenen bolsa, Büzmeýiniň 15-nji saýlaw okrugyndan diňe bir dalaşgäriň kandidaturasyny goýandygy metbugatda habar berildi.

Ýöne 30-njy martda saýlawlaryň netijeleri boýunça “Neýtralny Türkmenistan” gazetinde çap edilen maglumatlarda gürrüňi edilýän saýlaw uçastogyndan ozal ady hiç ýerde eşidilmedik Gülşat Akyýewanyň Gurbanberdiýew Muhammetnazar bilen bäsdeşendigi habar berildi.

Bu aralykda, Akja Nuberdiýewanyň ady deputatlaryň sanawyndan ýitirim boldy.

Galyberse-de, şu wagta çenli günbataryň saýlawlara syn edýän toparlary Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň hiç haýsysyna “erkin geçirildi” diýip baha bermedi.

XS
SM
MD
LG