Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rus milliarderlerine garşy sanksiýa girizmekçi bolýar 


Rus milliarderi Alişer Usmanow (ç) "Çelseanyň" eýesi Roman Abramowiç bilen gürleşýär. 10-ny maý, 2009.
Rus milliarderi Alişer Usmanow (ç) "Çelseanyň" eýesi Roman Abramowiç bilen gürleşýär. 10-ny maý, 2009.

Birleşen Ştatlar Orsýete garşy täze sanksiýalar tapgyryny girizmekçi bolýar, bu gezek prezident Wladimir Putin bilen baglanyşygy bolan milliarderler nyşana alnar diýip, metbugat habarlarynda aýdylýar.

“Reuters” we “The Washington Post”, anonim şertde gürleşen ABŞ resmilerine salgylanyp, Moskwanyň 2016-njy ýylda ABŞ-daky prezident saýlawlaryna gatyşmagy diýilýän sebäpli, amerikan kanunçylygy esasynda azyndan alty orsýetlä garşy çäre görüljekdigini habar berýär.

“The Post” täze sanksiýalaryň ýanwarda Gazna departamenti taparynda çap edilen baý adamlaryň sanawyny nyşana aljakdygyny belleýär, bu sanawda Orsýetiň “Gazprom” gaz kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki "Rosneft" nebit läheňiniň baş ýerine ýetirijisi Igor Seçin ýaly meşhur şahsyýetler hem bar.

“Reuters” täze sanksiýalaryň 5-nji aprelde yglan ediljekdigini habar berse, “The Post” olaryň 6-njy aprelde yglan ediljekdigini belleýär.

ABŞ-nyň Gazna departamentiniň saýlawlara gatyşmak we kiber hüjümleri bilen baglylykda girizen soňky sanksiýalar tapgyry 15- martda, 19 adama we bäş gurama, şol sanda Orsýetiň aňtaw gullugyna garşy girizildi.

Kongresiň käbir agzalary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasyny gürrüňi edilýän saýlaw gatyşmalary üçin Orsýete temmi bermek meselesine juda gowuşgynsyz çemeleşemkde tankyt edýär.

“The Post” Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçileriniň golaýda, ozalky rus içalysy Angliýada zäherlenenden we, öz häsiýetlendirmeleri boýunça, geçmişdäki iň ýykgynçylykly we agyr düşen kiber hüjüminden soň has kän sanksiýa girizilmegine basyş edendigini habar berdi.

Birleşen Ştatlaryň iş başyndan gidýän milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster şu hepde, prezident Tramp “Orsýete garşy meniňki ýaly dogumly daran ýokdur” diýip tassyklanyndan birnäçe sagat soň, “Biz
Moskwa garşy ýeterlik derejede berk çäre görüp bilmedik” diýdi.

ABŞ-Orsýet gatnaşyklary 4-nji martda ozalky rus içalysy Sergeý Skripal we onuň gyzy Ýuliýa Britaniýada zäherlenmezinden öň hem mazaly ýaramazlaşypdy. Britaniýa Skripala we onuň gyzyna garşy edilen nerw agenti hüjüminiň arkasynda Moskwanyň duran bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär, Orsýet bu aýyplamany ret edýär.

Birleşen Ştatlar we beýleki günbatar ýurtlary 26-njy martda bu hadysa üstünde 150-den gowrak rus diplomatyny ýurtdan çykarmak planlaryny yglan etdi, Moskwa hem bu çäre birnäçe gün soň onlarça günbatar diplomatyny ýurtdan çykarmak karary bilen jogap berdi.

Kremle garşy görlen çäreler tapgyry Waşingtondaky rus ilçisi Anatoliý Antonowyň golaýda, öz sözleri bilen aýdylanda, ABŞ paýtagtyndaky “zäherli atmosferadan” şikaýat etmegine alyp geldi.

XS
SM
MD
LG