Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Öňki we häzirki prezidentleriň 'oňuşmazlygynda' howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylary işden boşadyldy


President Sooronbai Jeenbekow
President Sooronbai Jeenbekow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow, prezident saýlawlaryndan bäri geçen alty aý içinde ozalky we häzirki liderleriň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagy netijesinde, öz mirasdary, ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň ýakyn ýaranlary hasaplanylýan iki sany uly derejeli howpsuzlyk resmisini işden boşatdy.

Jeenbekow 7-nji aprelde Döwlet howpsuzlyk komitetiniň berk liniýaly başlygy Abdil Segizbaýewiň we howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Bolot Suiumbaýewiň wezipelerinden boşadylýandygy baradaky karara gol çekdi. B.Suimbaýew komitetiň milli howpsuzlyga abanýan töwekgellikleri analizlemek we çaklamak baradaky gullugynyň hem direktory bolup durýardy.

Prezidentiň websaýtynda çap edilen kararlarda olaryň işden çekilmek baradaky arzalaryny tabşyrandyklary aýdylýar.

Bu iki resminiň işden çekilmegi Jeenbekow bilen Atambaýewiň arasyndaky dartgynlyklaryň barha güýçlenýändigini aňladýar. Öňki prezident Atambaýew ozalky premýer-ministr Jeenbekowy 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda berk goldady, emma soňky hepdelere ol ony tankyt edýär.

Atambaýew noýabrda prezidentlik möhleti tamam bolandan soň ümsüm boldy. Emma 31-nji martda Gyrgyzystanyň dolandyryjy Sosial demokratik partiýasynyň ýolbaşçylygyna saýlanandan soň, Jeenbekowy il ortalaýyn birnäçe gezek berk tankyt etdi.

Jeenbekow bu tankytlardan soň Atambaýewe ygrarly diýip bilinýän hökümet we adminstrasiýa resmileriniň bir toparyny işden boşatdy ýa-da olaryň wezipeden çekilmek baradaky arzalaryny kabul etdi.

Segizbaýew oppozisiýadaky syýasatçylary we garaşsyz žurnalistleri basyp ýatyrmakda uzak wagt bäri tankyt edilýärdi.

Ol 2016-njy ýylda, oppozisiýadaky “Ata-Meken” partiýasyndan bolan birnäçe ýokary derejeli deputatyň, hamala, gümürtik biznes işlerine dahyllydygyny aňladýandokumentleri jemgyýetçilige çykarmak we tassyklamak bilen, syýasy galmagalyň içine düşdi.

Emma muňa garamazdan, soňky derňewler netijesinde ol dokumentleriň asyl nusgadygy tassyklanmady.

Ol dokument “Ata-Mekeniň” lideri ÖmürbekTekebaýewi, ozalky baş prokurorAida Salyanowany, öňki adalat ministriAlmambet Şykmamatowy nyşana alýardy.

Bu üç syýasatçy Atambaýewiň berk garşydaşy bolup, şondan bäri jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz dur. Olar bu işiň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

Tekebaýew korrupsiýa aýyplamalarynda günäli tapylyp, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi, Salyanowa bolsa, başga bir jenaýat işi boýunça bäş ýyl şertli türme tussaglygy berildi.

XS
SM
MD
LG