Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow serhetçileriň öwgülerini diňläp, esgerleriň çörek bilen üpjünçiligine 'göz ýetirdi'


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nyşana ok atmak ussatlygyny görkezýär. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nyşana ok atmak ussatlygyny görkezýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda, Mary welaýatyna edýän iş saparynyň çäginde Serhetabat serhet birikmesiniň serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

TDH döwlet habar gullugy bu galada esgerleriň elin bişirilen gyzgyn çörek bilen üpjün edilýändigini habar berýär. Bu maglumat Azatlyk radiosynyň geçen ýylyň noýabrynda goşundaky azyk ýetmezçiligi barada beren maglumatynyň iki aý gowrak soňundan ýaýradylýar.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň serhetçi esgerler tarapyndan aýdym-saz, alkyş sözleri bilen garşylanyşyny, täze binalar toplumynyň dabaraly açylyşyny görkezdi.

TDH döwlet habar gullugynyň ýazmagyna görä, “Serhet galasynyň çäginde athana ýerleşýär, ol ýerde gulluk üçin peýdalanylýan bedewlere göwnejaý ideg etmek üçin ähli şertler bar.”

Şeýle-de neşir bu ýerde itler üçin ýerleriň bardygyny, olaryň jenaýatkärleri saklamakda, ýurda getirilmegi gadagan edilen serişdeleri gözlemekde ýokary gulluk başarnyklaryny görkezýändiklerini belleýär.

Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralýan açylyş dabaralarynyň ählisinde bolşy ýaly, bu gezek hem çäräniň esasy temasy döwlet baştutanynyň “şan-şöhrady” boldy. Serhetçi esgerler onuň “ýüpek ýollary dikeldişini” we beýleki “ajaýyp işlerini” wasp etdiler. Olar “Sizi alkyşlaýar dünýä dilleri, şöhradyňyz dünýä dolýar, Arkadag” diýip, “öz döreden” aýdymlaryny hem aýtdylar.

Şeýle-de döwlet telewideniýesi serhetçileriň özlerine döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirip, Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan watanym Türkmenistan” aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmäge rugsat sorap, bu aýdymy ýerine ýetirişlerini görkezdi.

Berdimuhamedow soňky döwürde serhet galalaryna baryp görmegi, esgerleriň harby taýýarlygyny barlamagy, harby serkerdelere öz ýarag, harby tehnika, şol sanda harby dikuçar ulanmak başarnygyny görkezmegi döwlet dolandyrmak işiniň aýrylmaz bir bölegine öwürdi.

Döwlet telewideniýesi soňky on ýylda türkmen goşunynyň maddy-enjamlaýyn, tehniki kuwwatynyň ýyl-ýyldan berkidilýändigini habar berýär.

Emma muňa garamazdan, soňky ýyllarda dörän ykdysady kynçylyklaryň çäginde türkmen esgerleriniň naharlanyşynyň ýaramazlaşandygy, goşunda azyk ýetmezçiliginiň duýulýandygy barada hem habarlar gowuşýar.

Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ene-atalar goşunda gulluk edýän çagalarynyň aç bolmazlygy üçin, olaryň yzyndan pul ibermeli bolýandyklaryny, ýogsa-da ýurduň ol çetine gidip, esger ogullaryna azyk eltip gaýdýandyklaryny gürrüň berýärler.

Ogly goşunda gulluk edýän ene-atalaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, döwlet goşundaky açlygy harby galalarda hususy dükan açmak bilen çözmäge çalyşýar. “Esgerler pullaryny dükan eýesinde goýup, wagt-wagt şol ýerden azyk satyn almaga mejbur bolýarlar” diýip, adynyň tutulmazlygyny soran aşgabatly ene habarçymyz Soltan Açylowa bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow täze toplum bilen tanyşmagyny dowam edip, esgerleriň naharhanasyna baryp gördi, bu ýerde aňrybaş arassaçylyk tertibi berjaý edilýär diýip, TDH ýazýar.

Neşiriň tassyklamagyna görä, bu ýerde serhetçiler elin bişirilýän gyzgyn çörek bilen üpjün edilýär. Prezident aşpezleriň iş şertleri, aşhananyň üpjünçiligi, şeýle hem hödürlenilýän tagamlaryň sanawy bilen gyzyklandy diýip, habarda aýdylýar.

Emma ýurduň regionlaryndaky un ýetmezçiliginiň fonunda serhetçileriň aşhanasyna edilen saparda, ogullary goşunda gulluk edýän ene-atalary alada goýýan “esger açlygy meselesi” agzalmady.

XS
SM
MD
LG