Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ozalky sport resmisi Gazagystana ilçi hökmünde iberildi


Toýly Kömekow

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ozalky başlygy Gazagystanda ýurduň ilçisi hökmünde wezipä girişdi.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew çarşenbe güni Toýly Kömekowdon ynanç hatyny aldy.

Ýatlatsak, Toýly Kömekow şu ýylyň başynda Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadylypdy. Onuň bilen birlikde, ýurduň sport boýunça ýene bir ýokary derejeli resmisi – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy Sapardurdy Toýlyýewde eýeleýän wezipelerinden boşadylypdy.

Galyberse-de, bular çeçen sentýabrda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenleriniň birnäçesiniň netijeleriniň ýatyrylyp, medallary alnyp, käbirleriniň hatda uzak ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi baradaky maglumatlara gabat gelipdi.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz ençeme çeşmesiniň tassyklamagyna görä, dopinge garşy garaşsyz komitetiniň geçiren barlagy netijesinde, göreş boýunça bäsleşen türkmen pälwanlarynyň azyndan dördüsinden gadagan edilen kuwwatlandyryjy, ýagny doping tapylypdyr.

Galyberse-de, “türkmen sportunyň bedew bady bilen ilerleýändigini” öňe sürýän türkmen resmileri we mediasy ýokarky ýagdaýlar dogrusynda, kelam agyz söz aýtmaýalar. Ýurduň degişli sport edaralary hem bu barada nähilidir bir kommentariýa bermekden ýüz öwürdiler.

Şol bir wagtda, ýokary derejeli türkmen sport resmileriniň wezipelerinden boşadylmagynyň türkmen pälwanlaryndan bikanun kuwwatlandyryjylaryň tapylmagynyň arasynda nähilidir bir arabaglanyşygyň bardygyny anyklamak başartmady.

Türkmenistanyň azyndan 7 milliard dollary harçlap geçiren “Aşgabat-2017” oýunlarynda türkmen türgenleri jemi 245 medal, 89 – altyn, 70 – kümüş we 86 – bürünç medal aldy. Ýaryşlarda türkmen türgenleriniň altyn medal boýunça iň ýakyn bäsdeşi Hytaý bolup, ol iki esse az – 42 altyn medal aldy.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde, adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlaryň hem bolandygyny nygtap geçipdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG