Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Siriýa hüjüm etmezlige çagyrýar


Kremliň sözçüsi Dmitri Peskow
Kremliň sözçüsi Dmitri Peskow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryny Siriýa garşy howa hüjümlerini amala aşyrmazlyga çagyryp, şeýle hüjümiň Ýakyn Gündogary “juda durnuksyzlaşdyrjakdygyny” aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitri Peskow 11-nji aprelde eden çykyşynda ABŞ-nyň piteneçileriň elindäki Doma şäherine garşy ulanylandygy aýdylýan zäherli gaz hüjümine jogap edip, Siriýanyň hökümet güýçlerine zarba urup başlamazlygy barada beýleki rus resmileriniň aýdan zatlaryny tekrarlady.

Saglyk guramalary 7-nji aprelde onlarça adamyň ölümine getiren Domadaky hüjümi himiki diýip häsiýetlendirensoň, Birleşen Ştatlary we onuň käbir ýaranlary Siriýa hüjüm edip-etmezligi seljerýär.

“Eger-de nähilidir bir hüjüm amala aşyrylanda nämeleriň boljakdygy baradaky sorag barada aýdylanda, biz ähli taraplaryň şulardan saklanmagyny umyt edýäris, ýagny, birinjilik bilen, öjükdiriji hereketlerden, ikinjiden regiondaky onsuzam ýaramaz ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrjak hereketlerden saklanmaklaryny umyt edýäris” diýip, Peskow žurnalistler bilen geçiren adaty duşuşygynda aýtdy.

Ol Orsýetiň Liwandaky ilçisiniň eden çykyşlary boýunça kommentariýa bermekden saklandy. Rus ilçisi 10-njy aprelde ABŞ-nyň Siriýa atan islendik raketasynyň urlup ýykyljakdygy we olaryň raketa atýan enjamlarynyň hatardan çykaryljakdygy barada harbylaryň beren duýduryşyny gaýtalady.

Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assadyň güýçleriniň Domada himiki hüjümi amala aşyrandygyny ret edýär. Peskow özleriniň muny ret edýändigini täzeden gaýtalady. “Orsýet bu çaklamalary düýbünden ret edýär we bu hadysanyň garaşsyz derňelmegini isleýär” diýip, ol aýtdy. Agzalýan hadysada 40 adam, şol sanda çagalar jan berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Domadaky hüjümi amala aşyrmakda güman edilýänlerden “agyr hasap” soramagy wada berdi. Ol Siriýadaky ýagdaýlar bilen ýakyndan gyzyklanmak üçin 10-njy aprelde Günorta Amerika etjek saparyny ýatyrdy. Siriýanyň armiýasy üç günlük howsala ýagdaýyny yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde,ABŞ-nyň Harby deňiz flotuna degişli “USS Donald Cook” raketalary hatardan çykaryjysy Ortaýer deňzinde Siriýa golaý aralykda peýda boldy.

10-njy aprel güni Reuters we TASS Ýewropanyň umumy howa hereketlerine gözegçilik agentliginiň “öňümizdäki 72 sagadyň dowamynda Siriýa howadan we deňizden edilmegi ahmal bolan raketa hüjümleri sebäpli” howaýollary kompaniýalaryny Ortaýer deňziniň gündogarynda hüşgärlige çagyrandygyny habar berdi.

10-njy aprelde Orsýetiň BMG-däki ilçisi Birleşen Ştatlaryny Siriýada harby hüjümleri amala aşyrmazlyga çagyrdy. Şol gün BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Domada amala aşyrylandygy çak edilýän himiki hüjüm boýunça derňew geçirilmegini tassyklamady.

Siriýadaky hüjümi kimleriň amala aşyrandygyny anyklamak boýunça ABŞ-nyň BMGHG-a eden teklibini Orsýet weto etdi. Geňeşde bu teklibe 12 agza razyçylyk bildirip, 2 agza garşy çykdy. Geňeşlerde köplenç Orsýete ýaranlyk edýän Hytaýa saklanan ses berdi.

“Taryh muny unutmaz! Bu gün Orsýet Siriýanyň halkyny goramaga derek “aždarhany” goramagy saýlap aldy” diýip, Birleşen Ştatlaryň BMG-daky ilçisi Nikki Heýli Assady göz öňünde tutup aýtdy.

Orsýetiň BMG-daky ilçisi Wasiliý Nebenza ABŞ-ny “Siriýa ediljek hüjümi” aklamak üçin ses berişligi gurnamakda aýyplady.

Orsýet özüniň BMG-daky soňky wetosy bilen Siriýa görüljek çäreleri 12-nji gezek weto etdi.

ABŞ-nyň teklibi BMG-niň düzüminde ozal döredilen paneli täzeden güýje girizip bilerdi. Agzalýan panel Bilelikdäki Derňew Mehanizmi diýlip atlandyrylýardy. Geçen noýabr aýynda Orsýet agzalýan toparyň ygtyýarlyklaryny uzatmak boýunça kabul edilen rezolýusiýany-da weto edensoň, panel ýatyryldy.

Agzalýan topar “Siriýanyň Howa güýçleri 2017-nji ýylyň aprel aýynda Han Şeýhun obasyna sarin gazyny taşlap 100-den gowrak adamy öldürdi” diýen netijä gelipdi.

Han Şeýhundaky hüjümden soň Tramp ony amala aşyran uçarlaryň uçýan ýerlerine raketa hüjümlerini amala aşyrmagy buýruk berdi.

BMG-niň düzüminde döredilip häzir güýji ýatyrlan paneliň Damaskyň 2014-nji ýyldan bäri ençeme himiki hüjümleri amala aşyrandygyny aýdandygyna garamazdan Siriýa bu hüjümlerdäki roluny ret edýär.

10-njy aprelde Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama subutnama toplamak üçin özüniň ekspertler toparyny Doma ugradýandygyny mälim etdi.

Güman edilýän hüjüme beriljek gaýtawul boýunça Tramp Fransiýanyň we Britaniýanyň liderleri bilen maslahat etdi.

10-njy aprelde Tramp bilen Britaniýanyň premýer ministri Tereza Meýiň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşlikde “liderler mundan beýläk himiki ýaraglaryň ulanylmagyna rugsat bermezlik barada ylalaşdylar” diýip, Ak tam mälim etdi.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron “Günbatar ýurtlarynyň etjek hüjümleri Siriýanyň hökümetiniň ýaranlaryny, şol sanda Orsýeti we Eýrany nyşana almaly däl, muňa derek Siriýanyň hökümetine degişli himiki desgalara gönükdirilmeli” diýdi.

Siriýadaka urşy ýakyndan synlaýan “Adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçylary” guramasy Siriýanyň armiýasynyň harby desgalarda, şol sanda aeroportlarda we bazalarda üç günlük howsala ýagdaýyny yglan edendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG