Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Ahalda resmiler 1 mellek ýerini ýa-da 30 ýyllyk ipotekaly 2 etažly jaýy birwagtda 3-4 adama birden satýar’


Ak bugdaý etrabyndaky jaýlaryň biri.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan mellek ýerlerini almak üçin we jaý salynmak üçin raýatlaryň para bermäge mejbur bolýandygyny Azatlygyň welaýatdaky habarçysy şeýle tejribeleri başdan geçiren adamlaryň sözlerine salgylanyp, gizlinlik şertlerinde habar berýär.

Köpsanly raýatlaryň paýtagta golaýlaşmak üçin Ak bugdaý etrabynda ýazgyda durmaga isleg bildirýändigini bellän habarçymyz, beýleki bir tarapdan şeýle mümkinçilige eýe bolmak üçin, ýagny mellek ýer almak üçin adamlar “ortaça 10 müň amerikan dollary möçberinde para bermeli” diýip, 12-nji aprelde habar berdi.

Aslyýetinde, döwletiň maşgalalary goldamak üçin ýaş çatynjalara gönükdirilen ýeňillik syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, şeýle mellek ýerlerine eýe bolmak üçin 200-450 manat (30 dollar) aralygynda döwlet pajy alynýar.

Şol bir wagtyň özünde, agzalýan etrapda ýazga durmak üçin hem para talap edilýändiginiň üstüni açan habarçymyz, munuň üçin isleg bildirýän raýatlaryň 20-30 müň dollar aralygynda para bermeli bolýandygyny şeýle ýagdaýlary başdan geçiren raýatlaryň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Öňe sürülýän eden-etdilige etrap häkimliginiň pasport bölüminiň, polisiýanyň raýatlary pasportlaşdyryş bölüminiň we olaryň ilat arasyndaky araçylarynyň baş goşup guramalaşdyrýandygyny ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hususan-da welaýatlardan gelen telekeçiler we kanun goraýjy gulluklaryň işgärleri Aşgabada ymtylmak üçin agzalýan etrapda ýazga durmagy amatly hasaplaýar.

Beren maglumatlarynda Ak bugdaý etrabynyň Gurluşyk we abatlaýyş bölümindäki galatlyklara-da ünsi çeken Azatlygyň habarçysy adamlaryň gurluşyk etmek üçin, jaý salmak ýa-da abatlamak üçin bu bölümden rugsat almaly bolýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylar bir mellek ýeriniň birwagtda 3-4 adama satylýan wagtyna-da duş gelýärler diýip, habarçymyz belledi.

Etrapda gurlup 30 ýyllyk ipoteka karzlary esasynda ulanylmaga berilýän jaýlaryň paýlanyşygynda ýüz urulýan kemçilikler sebäpli ýerli ýaşaýjylaryň juda nägile bolýandygyny aýratyn nygtap aýdan gürrüňdeşimiz, agzalýan köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndan edinmek üçin 40-50 müň dollar möçberinde etrabyň agzalan bölüminiň degişli resmilerine öňünden para berilýändigi barada ilat arasynda gürrüňleriň ýaýrandygyny habar berdi.

Mellek paýlanyşygynda bolşy ýaly, 30 ýyllyk ipotekaly jaýlaryň-a käte birwagtda 3-4 adama birden satylýandygyny habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlygyň welaýatdaky habarçysy öňe sürülýän korrupsiýa hadysalary we munuň netijesinde ýerli ilatyň ejir çekýändigi baradaky habary ýetirensoň, bular bilen bagly deň derejede ähmiýete eýe bolan ýene-de bir maglumaty paýlaşdy.

Habarçymyz agzalýan kanun bozulmalara degişli Ahal welaýat prokuraturasynyň çykaran Teklipnamasynyň asyl nusgasynyň göçürmesini Azatlyga hödürledi. Welaýat prokurorynyň goly bilen tassyklanan resminamada etrapda ýer böleklerini eýeçiligi bermekde ýol berlen bidüzgünçilikleriň üstüniň açylandygy aýdylyp, welaýat we etrap häkimlikleriniň degişli resmilerine kanun bozulmalary düzetmek boýunça anyk çäreleri görmek teklip edilýär.

Azatlyk resminamany çap etmekden saklanýar.

Şeýle-de, prokuroryň Teklipnamasynda welaýat we etrap häkimlerine kanun bozulmalara ýol beren jogapkär işgärleri düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek meselesine garamak teklip edilýär.

Parahorluga baş goşandygy aýdylýan resmileriň jogapkärçilige çekilip çekilmändigi baradaky maglumatlaryň özüne nämälim galýandygyny bellän habarçymyz, ilat arasynda resmileriň jaý we mellek ýerleriniň paýlanyşygynda ýüz urýan korrupsiýa hadysalary hakyndaky gürrüňleriň entek-entek ýatarly däldigini ýaňzydyp, beýleki welaýat we etrap merkezlerinde-de şeýle hadysalaryň giň ýaýrandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG