Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory täzelendi


Maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýew
Maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýew

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory täzelendi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen bu wezipä maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýew bellenildi. Gullugyň ozalky ýolbaşçysy polkownik Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew bolsa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň transport we aragatnaşyk boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy 2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda esaslandyrylyp, oňa häzire çenli Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk edip gelipdi. Mundan öň, Çakyýew 2016-njy ýylyň martyndan bäri Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bolup işläpdi.

Soňky döwür türkmen häkimiýetleri korrupsiýa, parahorluga garşy "barlyşyksyz göreşmegi" wada berip, bu aýyplamalarda aýyplananlaryň günäleriniň geçilmejekdigini tekrarlaýarlar. Emma muňa garamazdan, resmi habarlardan çen tutulsa, korrupsiýa faktlary azalmaýar we synçylar ýurtda adalatlylygyň ala, seçilip alnan ýagdaýda we kanunçylygy doly saklamazdan berjaý edilýändigini, sudlaryň garaşsyz däldigini, aýyplanýanlaryň özlerini kanun esasynda gorap bilmeýändiklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG