Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Döwlet daýhanlara ýer almasyny ekmegi tabşyrdy, ýöne tohumlyk bermedi


Tohumlyk kartoşka

Bu ýyl Daşoguz welaýatynyň daýhan birleşiklerine 15-20 gektar meýdana kartoşka ekmek plan borçnamasy berildi, ýöne olaryň hiç haýsysyna döwlet tarapyndan tohumlyk berilmedi. Ýagdaý şeýle bolansoň, daýhan birleşikleriň başlyklary tohumlyk ýer almasy üçin halkdan pul ýygnap ony ekdirmekçi bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky çeşmesi daýhanlara salgylanyp habar berýär.

“Tohumyň bazardaky bahasy 7-9 manat. Iň bellemeli ýeri, mart aýynyň ortasyndan gijä galman ekilmeli kartoşkanyň ekişi henizem başlamady” diýip, çeşmämiz daýhanlaryň aladalaryny gozgaýar.

Döwletiň tohum bilen bagly kömeginiň egsileni üçin daýhanlar bu ýylky ýygnaljak hasyla näumyt garaýarlar.

Türkmenistanda döwlet ekiş möwsüminde daýhany şertnama esasynda tohum bilen üpjün etmeli. Ýöne Daşoguz welaýatyndaky gürrüňi gidýän ekişde döwlet bu şertnamanyň talaplaryny berjaý etmeýäne çalym edýär, sebäbi babadaýhanlaryň gürrüň bermegine görä, döwlet olary bu ýyl tohumlyk ýer almasy bilen üpjün etmeýär.

Türkmen oba-hojalyk pudagynda daýhanlar öz ýerleriniň doly eýesi hasaplanmaýar. Olar döwletiň özlerine bölüp beren ýerlerine, döwletiň kömegi bilen ekin ekip, eken ekininiň hasylyny döwlete satýar.

Daşoguz welaýatyndaky ýer almalary boýunça gürrüňe dowam edilende, welaýatdaky çeşmämiziň aýtmagyna görä, Akdepe etrabynyň käbir daýhan birleşikleri agzalýan bakja önüminiň ekişine başlan-da bolsa, welaýatyň Nyýazow, Görogly, Ýylanly, Boldumsaz etraplarynda “ekişe entek asla başlanmadyk ýaly” diýip, daýhanlar aýdýarlar.

Olar Daşoguzyň howa şertlerinde indiden beýläk ekilen ýer almanyň hasyl bermejekdiginden howatyrlanýarlar.

Türkmenistanda döwlet daýhany berk gözegçilikde saklaýar we onuň oba-hojalyk pudagynda alyp barýan işleri döwletiň berýän ýeňillikli kömegine garaşly bolup durýar. Ýöne, bu ýyl tohum üpjünçiligi bilen bagly meselelerden çen tutulanda, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, döwlet daýhanyň öňündäki borçlaryny berjaý edip bilmeýär.

Ýerli synçylar ýurduň obahojalyk pudagynda düýpli reformalaryň durmuşa geçirilmelidigini, daýhana öz ýeriniň eýeçiliginiň doly gaýtarylyp berilmelidigini aýdýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan SSR-niň döredilmegi bilen XX asyryň birinji ýarymynyň başynda ýurtda kollektiwizasiýa prosesi ýokardan mejbury basyş bilen amal edildi we “kolhozlar” döredildi. Munuň netijesinde, “kolhozlara” degişli ýerlerde kärendeçi daýhanlara beýleki ekinler bilen bir hatarda esasan pagta önümçiligi boýunça plan borçnamalary tabşyryldy.

Ýerli synçylar, şeýle tejribeleriň henizem ýurtda dowam edýändigini, bu ýagdaýyň ýurduň oba hojalyk pudagyna oňaýsyz täsir edýändigini aýdýarlar.

Sözümiziň başyndaky ýer almanyň tohumy bilen üpjün edilmedik daşoguzly daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan beýleki kynçylyklary, hususan-da ekinleriň suw üpjünçiligi baradaky ýagdaýlar umumy jemgyýetçilige nämälimliginde galýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we habar serişdelerinde ýurtda daýhanlara kärendesine berilýän ýerleriň meleoratiw ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna döwlet tarapyndan ýardam berilýändigi tekrarlanýar, ýöne babadaýhanlaryň duçar bolýan kynçylyklary barada gürrüň edilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG