Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ylalaşykdan çyksa, Eýran öz ýadro programmasyny dikelder


Eýranyň daşary işler ministri Javad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Javad Zarif, eger-de Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çyksa, Tähranyň öz ýadro programmasyny “uly tizlik bilen” dikeltjekdigini aýdýar.

"Eger-de prezident [Donald] Tramp resmi taýdan ylalaşykdan çykmak kararyna gelse, onda Eýran JCPOA laýyklykda we onuň çäginden daşarda nazarda tutulan kararlary kabul eder” diýip, Zarif 2015-nji ýylyň ylalaşygyny nazarda tutup aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri bu sözleri CBS TV-ä beren interwýusynda, “Face the Nation” programmasynda 22-nji aprelde efire çykjak söhbetdeşlikde aýtdy. Ol BMG-niň ýygnagyna gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlara barypdy.

"Biz özümiz üçin birnäçe mümkinçiligi nazarda tutdyk we olar, şol sanda öz ýadro işjeňliklerimizi has ýokary tizlik bilen dikeltmek mümkinçiligi hem taýýar” diýip, Zarif aýtdy.

Emma Zarif 21-nji aprelde Nýu-Ýorkda žurnalistler bilen eden başga bir gürrüňinde Eýranyň ýadro bombasyny edinmäge çalyşmaýandygyny hem nygtap geçdi.

Şol bir wagtda-da ol Tähranyň Birleşen Ştatlaryň ylalaşykdan çykmagyna berjek “ähtimal” jogabynyň baýlaşdyrylan uran öndürmekligi dikeltmek boljakdygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, baýlaşdyrylan uran ýadro bombasyny ýasamagyň esasy maddasy bolup durýar.

"Amerika hiç wagt Eýran ýadro bombasyny öndürer diýip gorkmaly däl, emma biz öz uran baýlaşdyrmagymyzy erjellik bilen dowam etdireris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýran hemişe öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlardan ugur alýandygyny aýdyp geldi.

Tramp Eýranyň ballistik raketalary synag etmegi dowam etdirip, sebitde jeňçi zorluklaryna howandarlyk edip, şeýle-de Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini goldap, 2015-nji ýyldaky ylalaşygyň “ruhuny” bozýandygyny aýtdy. Bu ylalaşyk Tährana öz ýadro programmasyndan el çekmek ýerine sanksiýalardan dynmak mümkinçiligini berýär.

Tramp ýewropa döwletlerini, öz sözleri bilen aýdylanda, bu ylalaşykdaky “elhenç kemçilikleri” düzetmäge çagyrdy, ýagny Tähranyň ýadro we raketa programmalary babatda täze çäklendirmeleriň girizilmegini talap etdi.

Şeýle-de Tramp özünden öňki prezident Barak Obamanyň döwründe gepleşilen ylalaşygyň şertlerini gowulandyrmak ýa-da ondan ýüz öwürmek üçin 12-nji maýa çenli wagt berdi.

Ylalaşyga girýän beýleki döwletler – Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa we Orsýet Waşingtony şertnamadan çykmazlyga çagyrdylar, olar munuň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin iň gowy çäredigini aýtdylar.

ABŞ adminstrasiýasynyň uly derejeli resmisi žurnalistlere Tramp bilen fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň23-nji aprelde Ak tamda boljak duşuşygynda Eýranyň ýadro şertnamasy barada maslahat etjekdiklerini aýtdy.

Şu aralykda Zarif öz interwýusynda Eýrandaky türmelerde saklanylýan birnäçe ABŞ raýaty baradaky gepleşikler başlanmazyndan öň, Waşingtonyň öz “gatnaşygyny üýtgetmelidigini” hem belledi.

Gepleşikler “kesgin ynsanperwerlik nukdaý nazaryndan bir mümkinçilik, emma ol gatnaşygyň üýtgedilmegini talap edýär” diýip, Zarif aýtdy.

"[Trump] administrasiýasynyň sylag-hormat esasyndaky dialoga girmek başarnygyny görkezmegi wajyp bolup durýar” diýip,Zarif aýtdy.

Tähranda azyndan bäş amerikan türmede saklanylýar, olar Eýranda içalyçylyk aýyplamalary esasynda azatlykdan mahrum edildi.

XS
SM
MD
LG