Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Özbegistana bardy; Mirziýoýew TOPH-a goşuljakdygyny aýtdy (WIDEO)


Türkmen prezidenti özbek kärdeşi bilen.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji aprelde Özbegistana iki günlük döwlet sapary bilen bardy. Daşkendiň aeroportynda Berdimuhamedowy özbek premýer-ministri garşylady.

Berdimuhamedow öz özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen “Kuksaraý” rezidensiýasynda ikiçäk we giň çäkde gepleşik geçirdi. Şeýle-de, iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn dokumentlete gol çekildi.

Читайте также на русском

Prezident Mirziýoýew öz çykyşynda geçen ýylyň dowamynda Türkmenistana üç gezek sapar edendigini, şeýle-de öňden bäri bar bolan meseleleriň çözgütleriniň maslahat edilendigini aýtdy.

Mirziýoýew Berdimuhamedowyň bu saparyny “taryhy” diýip atlandyryp, gepleşikleriň dowamyndaky çözülmedik meseleleriň galmandygyny hem belläp geçdi.

Özbek prezidenti sebitdäki hopwsuzlyk, şol sanda Owganystandaky ýagdaýalaryň hem içgin maslahat edilendigini nygtady.

Mundanam başga, özbek prezidenti Özbegistanyň türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektine gatnaşjakdygyny aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, bu saparyň öňüsyrasynda, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar bir çeşmesi Berdimuhamedowyň ikiçäk gepleşiklerde özbek kärdeşinden Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan, ýagny TOPH geçirijisiniň gurluşygy üçin karz pul we goldaw soramak üçin barýandygyny gürrüň beripdi.

Mirziýoýew öz ýurdunyň bu proýekte gatnaşjakdygyny aýtsa-da, munuň nähili görnüşde amala aşjakdygyny diňe indiki gepleşikleriň üsti bilen takyklaşdyryljakdygyny sözüne goşdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri iki ýurduň arasynda wizasyz režiminiň ýola goýulmagyna garaşylýandygyny, serhet geçelgesinde degişli taýýarlyk işleriniň görülýändigini habar berdiler.

Ilat arasynda şeýle umytlaryň bardygyny Özbegistan tarapyndaky ýaşaýjylar hem aýdýarlar. Bellesek, serhediň iki tarapynda hem köp sanly etniki türkmenler we özbekler ýaşaýarlar.

Emma, bu maglumaty häzirlikçe resme çeşmelere tassykladyp bolmady. Bu barada iki prezidentiň geçiren metbugat-ýyganynyň dowamynda hem hiç zat aýdylmady.

Читайте также на русском
Özbek talyplary türkmen prezidentini garşylamak üçin mejbury ýagadaýda köçelere çykaryldylar.
Özbek talyplary türkmen prezidentini garşylamak üçin mejbury ýagadaýda köçelere çykaryldylar.

Bu aralykda, Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda paýtagt Daşkende serenjam berildi. Hususan-da paýtagtyň Ýaşnabat etrabynyň häkimi prezidentiň awtoulag kerweniniň geçjek ýolunyň ugrunda ýerleşýän dükänlaryň, kafeleriň, duralgalaryň we gazet kiosklarynyň ählisini aýyrmagy buýurdy.

Prezident Mirziýoýewiň biraz öň gadagan edendigine garamazdan, bu territoriýany arassalamak işlerine bilim we saglygy saklaýyş pudagynyň işgärlerini iberdiler.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy türkmen prezidentini garşylamak üçin eli baýdakly talyplaryň, döwlet işgärleriniň çykarylandygyny, şeýle-de paýtagtda berk howpsuzlyk çäreleriniň görülendigini habar berdi.

Berdimuhamedow Daşkende bardy; adamlar mejbury köçelere çykaryldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Diri korridory emele getirmeli adamlar eýýäm ir sagat 7-de durmaly ýerlerine getirildi. Bellemeli ýeri, prezidentiň uçary mundan diňe üç sagatdan soň Daşkentde gonupdy.

Galyberse-de, Berdimuhamdowy garşylamak üçin okuwlary ýatyrylan talyplar günüň dowamynda köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän başga ýerlerine hem mejbury äkidildi. Bellesek, Türkmenistanda bular ýaly ýagdaýlary dowamly synlasa bolýar.

Günüň dowamynda prezidentleriň Daşkent şäherindeki Magtymguly köçesine baryp görmegi, Aşgabat prospektiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy planlaşdyryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji aprelde Horezm oblastyna barar. Onuň Hywada “Uly howly” ýadygärligine, “Içan gala” toplumyna baryp görmegine we beýleki medeni çärelere gatnaşmagyna garaşylýar.

Berdimuhamedow mundan öň Özbegistana soňky gezek 2016-njy ýylyň sentýabrynda, respublikanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň jynazasy bilen bagly sapar edipdi.

Munuň yzy bilen, Şawkat Mirziýoýew prezident saýlanaly bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar täze bir derejä çykdy we Özbegistanyň ikinji prezidenti özüniň daşary ýurt saparlaryny 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistandan başlady.

Bellemeli ýeri, prezident Mirziýoýew şondan kän wagt geçirmän, 2017-nji ýylyň maýynda hem iki günlük resmi sapar bilen günbatara Türkmenistana geldi. Şonda hem türkmen mediasy bu saparyň öňünden planlaşdyrylandygy ýa-da planlaşdyrylmandygy barada anyk bir zat aýtmandy. Munuň üstesine, Mirziýoýewiň iki aý çemesi wagtdan soň Türkmenistana gaýtadan sapara gelmeginiň sebäpleri barada hem hiç zat aýdylmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG