Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyratda TOPH-a garşy dildüwşen talybanlar ele salyndy


Hökümet güýçleri tarapyndan ele salnan "Talyban“ söweşijileri

Owganystanyň demirgazygyndaky Hyrat sebitinde yglan edilen günägeçişlikden peýdalanmak üçin, hökümet güýçlerine meýletin boýun egen talyban söweşijileri özleriniň doly ýaraglanyp, Eýrandan TOPH geçirijisiniň gurluşygyna garşy hüjüm gurnamak barasynda buýruk berlendigini aýdýarlar. Muny ele salnan söweşijileriň hut özleriniň boýun alandygyny "Pajhwok“ atly owgan habar neşiri habar berýär.

Hyradyň polis müdiri general Mohammad Aýub Ansaryň sözlerine görä, topar sekiz talyp söweşijisinden emele gelýär. Olar Paşton Zargun we Kurh diýen ýerlerde dildüwşük gurnamagy maksat edinipdirler. Haçan-da, ýaraşyk ylalaşygy bilen günägeçişlikden peýdalanmagy ýüregine düwen mahaly, olar hökümet güýçlerine sekiz sany tüpeň we el granatyny tabşyrypdyr.

Eýranyň Hyratdaky baş konsollygy bolsa derrew talybanyň aýdan zatlary barasynda beýannama beripdir. Eýranyň baş konsoly Mahmud Afhami öz ýurdunyň hemişe Owganystanyň durnuklylygyny goldandygyny we bar güýji bilen hem bu ýurduň ösüşini goldandygyny aýdypdyr. Ol, şol bir wagtyň özünde, söweşijileriň TOPH geçirijisine garşy hüjüm taýýarlygyna Eýranyň ilteşigi bolandygy barasynda anyk subutnamalaryň görkezilmegini hem talap edipdir.

TOPH gaz geçirijisi maksatnamasy barada döwletara şertnama 2010-njy ýylyň dekabr aýynda oňa gatnaşýan ýurtlar Aşgabatda gol çekipdi. Gaz geçirjisi Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Galkynyş atly gaz käninden başlap, Owganystanyň serhedinden 150 km. geçenden soň Hyradyň üstünden Farah sebitine barýar, ondan soň Gilmend we Kandahardan Pakistana hem Hindistana baryp ýetýär. Gaz geçirijisiniň Owganystandaky böleginiň gurluşygyna şu ýylyň 23-nji fewralynda başlandy. Owganystanyň prezidentiniň metbugat geňeşçisi Şa Hüseýin Murtazawiniň sözlerine görä, gaz geçirijisiniň sepleşdirilmeginiň 2019-njy ýylyň ahyrynda doly tamamlanmagyna garaşylýar.

"Talyban“ hereketi turuwbaşdan bu gaz geçirijisiniň maksatnamasyny goldaýandygyny resmi ýagdaýda bildirdi. Metbugata berlen beýannamada "Talyban“ hereketniň "Müňlerçe owganlyny iş bilen we owgan halkyny hem tebigy gaz bilen üpjün etjek, Türkmenistandan başlap, Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana ýetiriljek gaz geçirijisiniň maksatnamasyny doly oňlaýandygy“ mälim edilipdi.

Mart aýynyň başynda Hyratda 10 we 70 adamlyk iki sany talyban toparynyň TOPH maksatnamasynda işlemek şerti bilen ýaragyny taşlandygy habar berlipdi. Bu maksatnamanyň 12 müň owgan raýatyny iş bilen üpjün etmegine garaşylýar.

Hyrat sebiti Türkmenistanyň Mary we Ahal welaýatlary bilen serhetleşýär. Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu serhetýaka sebitde "Talyban“ toparlaryndan daşaryn, köpsanly ýaragly toparlar hereket edýär we olaryň arasynda "Yslam döwleti“ toparyna goşulanlar hem bar.

Geçen tomus Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň goranmak ministrligindäki çeşmä salgylanyp beren habarynda, "YD“ söweşijileriniň serhedi geçip, ýurduň içine aralaşandygyny mälim edipdi. Muny tassyklan harbynyň sözlerine görä, onuň hut özi telim gezek Owganystanyň demirgazygyndaky Hyrat sebitinden geçip, Türkmenistanyň serhedini bozýanlara garşy gurnalýan operasiýalara gatnaşypdyr.

"Fergana“ atly halkara habar gullugynyň maglumatlaryndan peýdalanyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG