Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Medisina hyzmatynyň hili pes, tölegler bolsa artýar


Aşgabatdaky S.Nyýazow keselhanasy.

Medisina hyzmatlary üçin näsaglardan alynýan tölegleriň aşa gymmatlaýandygyna garamazdan, ilata edilýän medisina hyzmatynyň hiliniň juda peselýändigi görünýär.

Närazyçylyk bildirilip turzulan goh-galmagalyň Aşgabadyň S. Nyýazow adyndaky hassahanasynda şu ýylyň 10-nji aprelinde bolup geçendigini bu waka şaýat bolan aşgabatly Maýsa gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, welaýatlardan gelýän näsaglardan ýaňa S. Nyýazow adyndaky hassahananyň näsaglary kabul edýän bölüminde, aýak üstünde durmaga ýer-jaý ýok. “Emma halys haly bolmaýan agyr näsaglar hem uly nobatlara garaşmaly bolýarlar. Ol ýerde tä özüňden gidýänçäň, seniň ýanyňa gelýän lukman ýok, bu bolsa agyr hassalary kyn ýagdaýa salýar. Ýarawsyzlyk tapyp, Tiz kömege jaň etseň olar gelip, näsagy hassahana alyp gitmeýärler-de, seniň çakylygyňy özüňe degişli saglyk öýlerine geçirýärler. Saglyk öýlerinden lukman wagty bilen gelmeýär. Gelenden soňra hem näsagyň ýagdaýy agyr bolsa, ol hem hassahana girmek üçin ýollama ýazýar. Şunça wagtyň dowamynda, näsagyň ýagdaýy has agyrlaşýar” diýip, Maýsa aýdýar.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň hem medisina hyzmatlaryndan hoşal bolýany juda az. Hassahanalaryň şäher boýunça ekstra güni, ýagny Tiz kömegiň getiren näsaglaryny kabul edip, üç gün mugtuna bejergi berilmeli günleri bar. Emma Tiz kömegiň işgärleri şol hassahanalara näsaglary alyp barmagy juda ýokuş görýärler. Bardy-geldi Tiz kömegiň hyzmaty bilen nobatçylyk çekýän hassahana baryp ýerleşäýseň hem ol ýerde 3 günüň dowamynda näsaga edilmeli mugt hyzmatlary lukmanlardan almak juda kyn.

“Näsaglardan diňe pul almagyň aladasy edilýär. Düzgün boýunça Tiz kömegiň hassahanalara getirýän näsaglaryna edilmeli hyzmatlar mugt bolsa-da, hassahananyň lukmanlary ‘mugt hyzmat ýok, hemme zat tölegli’ diýip, özlerinde bar bolan, ultrases barlagy, rentgen, gan, peşew ýaly barlaglar üçinem ozalky Gyzyl Haç hassahanasynyň ýerinde gurlan kardiologiýa hassahanasyna ugradýarlar. Ol ýerde bolsa tölegler aşa gymmat. S. Nyýazow adyndaky hassahanada 50 manada durýan rentgen barlaglary Kardiologiýa hassahanasynda 250 manat. Lukmanlar S. Nyýazow adyndaky hassahananyň özünde bar bolan barlag enjamlary işlänok diýip jogap berýärler. Näsagyň keseliniň taryhy depderçesine näsag barada doly maglumat hem ýazylmaýar. Üç gün geçýänçä, näsagyň ýanyna gelýän lukman hem ýok. Üç günüň doluberende lukman ýanyňa gelýär-de, mugt hyzmat üçin wagtyň dolandygyny, mundan bu ýana hassahanada ýatyp bejergi aljak bolsaň, tölegleri tölemelidigini düşündirýär. Sanjymlary, esasan hem damjalaýyn sanjymlary näsaga bermezlik üçin, dürli bahanalara ýüz urýarlar. Bu sanjymlar özleriniň tanyş-bilişleri gelse ýa bolmasa lukmanlaryň jübüsine para dykan halatynda näsaga berilýär” diýip, Maýsa janygýar.

Aşgabatly näsaglar näme-de bolsa öz öýlerinden örýärler. Emma welaýatlardan gelýän hassalaryň görýän görgüleri juda agyr.Aşgabatda myhman ýeri bolmadyk, pul ýagdaýy pes adamlar bir günüň dowamynda zerur barlaglardan geçip hem ýetişmeýärler. Olar yzlaryna dolanmaga näçe gyssansalar-da, hassahanadaky nobatlar zerarly, bir günde öz kesellerini anyklap bilmeýärler.

Myhmanhanalarda ýatmak üçin, tölegler aşa gymmat. Oba ýaşaýjylarynda pul ýeterlik däl. Olar hatda hökmany geçmeli diýlen barlaglardan doly geçmäge-de serişde tapmaýarlar. Emma döwlet gaznasyna girdeji salmak planlaryny doldurmak maksady bilen ilki welaýat lukmanlary näsaglary merkeze ýollaýarlar. Kä halatlarda bolsa welaýatlarda näsagyň keselini lukmanlaryň dogry kesgitläp bilmeýändikleri üçin, näsaglaryň özleri Aşgabada gaýtmaga mejbur bolýarlar.

“Aşgabadyň hassahanalary bolsa näsaglara kömek etmek barada alada etmän, näsagdan näçäräk pul alyp bolarka diýip, olara gerekli-gerekmejek barlaglardan geçmegi burýarlar. Bu bolsa ozaldan hem garyp halky halys ysgyndan düşürýär” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG