Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinian “Seržsiz Ermenistan” üçin protestlere ýolbaşçylyk etmegi dowam edýär


Oppozisiýanyň lideri Nikol Paşinian protestçileriň arasynda, Ýerewan, 18-nji aprel, 2018
Oppozisiýanyň lideri Nikol Paşinian protestçileriň arasynda, Ýerewan, 18-nji aprel, 2018

Ermenistanda munda ozal uzak wagtlap prezidentlik wezipesini eýelän Serž Sarkisýanyň premýer ministr saýlanmagyna nägilelik bildirip 18-nji aprelde müňlerçe ermenistanly paýtagt Ýerewanda köçä çykdy. Polisiýa gulluklary onlarça protestçini saklady.

Oppozisiýanyň lideri Nikol Paşinian ýüzlerçe adamdan ybarat jemendäniň Marşal Bagramian şaýolunyň ugry bilen Sarkisýanyň edarasyna tarap eden nägilelike ýörişine ýolbaşçylyk etdi.

“Fransiýa” skweriniň gabadyna polisiýa güýçleri ýerleşdirildi. Güýç gulluklary ol ýerde protestçileriň ençemesini saklap, köçe-ýol hereketini kadalaşdyrdy. Ýol hereketiniň bökdençsiz dowam etmegi üçin skweriň golaýyndaky köçäniň ugrunda polisiýa güýçleri galkanlary bilen garawullyk etdi.

Demonstrasiýaçylar häkimligiň öňünde gysgaça protest çäresini gurnap, ellerini çarpyşyp, “Çäre gör! Serži ret et!” diýip gygyryşdylar.

Şeýle-de protestçiler Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň kampusyna-da girdiler. Ol ýerde Paşinian talyplary sapaklary boýkot etmäge we protest çärelerine goşulmaga çagyrdy. Protestçiler: “Goşul! Goşul! Goşul!” diýşip, gygyryşdylar.

Milli polisiýa beýanat ýaýradyp media serişdelerini geçirilýän protestlere “ýanaşmazlyga” çagyrdy. Beýanatda polisiýa güýçleriniň jemgyýetçilik düzgün-tertibini ýola goýýandygy hem aýdylýar.

Polisiýa Ýerewan wagty bilen günortan sagat 12:00-ä çenli jemi 66 protestçiniň saklanandygyny habar berdi.

Birleşen Ştatlary taraplary köşeşmäge we zorlugyň öňüni almaga çagyrdy.

Protestler ýurduň parlamentiniň premýer ministrlik wezipesine Sarkisýana ses bermeginiň yz ýany başlady. Merkezi Ýerewanda on müňlerçe adam protest çärelerine goşuldy.

“Zorlukly däl, mahmal, halk rewolýusiýasy Ermenistanda başlandy” diýip, Paşinian 17-nji aprelde ýurduň paýtagtynyň merkezi meýdançasynda jemlenen müňlerçe adamyň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Ol öz goldawçylaryny gije çatrykda galmazlyga çagyrdy. Agzalýan çatrygy protestçiler dört günden bäri gabaýarlar. Ýöne, Paşinian öz goldawçylaryny 18-nji aprelde ýene-de köçä dolanmaga çagyrdy.

Demonstrantlar Ermenistanyň baýdaklaryny göterip durdular we "Armenistan Serž Sarkisiansyz” diýlen mazmunly şygarlary öňe sürdüler.

Paşinian protestçileriň öňünde eden çykyşynda “Sarkisianyň bikanunçylyga baş goşup, ermenileriň ýigrenjini gazanandygyny” aýtdy.

Protestler ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçirildi. Ýerli media serişdelerine görä, Gýumri we Wanadzor şäherlerinde protest çykyşlary bolupdyr.

Milli polisiýa beýanat ýaýradyp media serişdelerini geçirilýän protestlere “ýanaşmazlyga” çagyrdy. Beýanatda polisiýa güýçleriniň jemgyýetçilik düzgün-tertibini ýola goýýandygy hem aýdylýar.

Ýerewanyň merkezinde gije ýarymdan agansoň, erkek adamlardan ybarat bolan bir topar swetaforlary, mahabat afişalaryny we ýol kenaryndaky nyşanlary zaýalap, köçä zyňdylar.

Facebookda peýda bolan bir wideoda polisiýa güýçleri agzalýan topary dargatjak bolýar, ýöne olar polisiýanyň ulagyna metal jisimlerini oklap aýak direýärler.

Paşinian ýaýradan beýanatynda gürrüňi edilýän toparyň protestçilere degişli däldigini we bu ýagdaýyň häkimiýetleriň guramalaşdyrýan prowakasiýa çäresi bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Ol protestçilere şol ýere golaýlaşmazlygy tabşyrdy.

Ermenistanyň parlamenti Serž Sarkisianyň prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyndan 8 gün geçensoň , 17-nji aprelde parlamentde geçirilen ses berişlikde Sarkisýan sesleriň 76-17 gatnaşygy bilen premýer-ministr wezipesine saýlandy. Şeýle-de parlament Serž Sarkisýanyň öz saýlan mirasdüşeri Armen Sarkisýany prezident wezipesine mynasyp gördi.

Sarkisianyň 17-nji aprelde premýer-ministr wezipesine bellenmegi bilen bir wagtda polisiýa azyndan 80 protestçini tussag etdi.

16-njy aprelde parlamente çykýan ýoly petiklän protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda onlarça demonstrantçy ýaralandy.

Paşinian protestçileri nägilelik çäreleriniň çäginde hökümet binalaryna we agentliklere barýan ýollary petiklemäge çägyransoň, polisiýa 17-nji aprelde beýanat ýaýradyp, “döwlet strukturalarynyň öz funksiýalaryny kadaly ýerine ýetirmegini üpjün etmek üçin polisiýanyň kanunalaýyk çäre görjekdigini” duýdurdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ýaýradan beýanatynda “ABŞ Ýerewanyň merkezinde we Ermenistanyň beýleki şäherlerinde geçirilýän nägilelik çärelerine ýakyndan syn edýär” diýilýär.

“Biz taraplary köşeşmäge we zorlugyň möwjemeginiň öňüni almaga çagyrýarys” diýip, ABŞ-nyň Ermenistandaky ilçihanasy 18-nji aprelde feýsbuk sahypasynda çap eden beýanatynda aýtdy.

“Human Rights Watch” guramasy häkimiýetleri protestçilere garşy güýç ulanmazlyga çagyrdy. Şeýle-de guramanyň beýanatynda öňki ýyllarda ermeni polisiýasynyň Ýerewanda parahatçylykly ýörişleriň çäginde ýygnanan köpçüligi dargatmak üçin güýç ulanandygy aýdyldy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama: “Polisiýanyň protestler boýunça berýän gaýtawuly BMG-niň ölçeglerine gabat gelmeli we deň-derejeli bolmaly. Ermeni polisiýasyna öz zorluk edähedinden el çekmek üçin asla giç däl” diýdi.

Serž Sarkisýan 3 million ilatlyk Ermenistanda ilkinji gezek 2008-nji ýylda prezidentlige saýlandy we iki möhletiň dowamynda ýurdy dolandyrdy. Ol Orsýet bilen ýyly gatnaşyk saklady. Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bäri geçen çärýek asyrlyk döwürde Ermenistan Russiýanyň goldawyna we inwestisiýalaryna bil baglap gelýär.

2015-nji ýylda geçen referendumda Ermenistan özüniň hökümet formasyny üýtgedip, premýer-ministriň ygtyýarlygyny güýçlendirip, prezidentiň güýç-gudratyny çäklendirdi. Sarkisýan referendum arkaly parlamentar sistema geçen Ermenistanda özüniň premýer-ministrlik wezipesine dalaş etmejekdigini wada beripdi. Paşinian bilen beýleki oppozision ýolbaşçylar Sarkisýany wadasyndan dänmekde aýyplaýar.

Parlamentde köplügi düzýän Ermenistanyň respublikan partiýasy (RPA) bilen Ermenistanyň rewolýusion federasiýasy (Daşnaksuýun) apreliň Sarkisýany bir agyzdan premýer-ministrlik wezipesine kandidat hödürläpdiler. Protest çäreleri 13-nji aprelde başlandy.

XS
SM
MD
LG