Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan üçin gowy habar Türkmenistan üçin gowy habar däl


Özbegistan, türkmen we özbek prezidentleri. 24-nji aprel, 2018 ý.

Hamala, Türkmenistanyň onsuzam imaž (at-abraý) problemasy ýok ýaly, indi ol syýasy özgerişleri amala aşyrýan Özbegistanyň halkara jemgyýetçiliginden alýan ätiýaçly öwgülerini hem-de halkara kompaniýalarynyň we maýadarlaryň oňa bildirýän gyzyklanmalaryny “içine salyp gezmeli”.

Özbegistanyň nädip özüne şeýle gyzyklanma döredendigi türkmen prezidentini has-da ünjä goýýar.

Berdimuhamedow 23-24-nji aprelde Daşkende sapar etdi. Ol mundan ozal özbek paýtagtynda 2008-nji ýylyň martynda bolupdy.

Şonda ol Özbegistanyň şol wagtky lideri Yslam Kerimow bilen duşuşmak üçin barypdy. Prezident Kerimow bilen Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow post-sowet giňişliginde Merkezi Aziýada diktatoryň keşbiniň nähili bolýandygy barada ymykly pikir döretdiler.

Bu gezek Berdimuhamedow Özbegistanyň täze prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Halkara jemgyýetçiligi Mirziýoýewi tankytlamaýar. Karimow tankyt edilerdi. Mirziýoýew ýurduň daşary syýasatynda, administratiw we ykdysady ugurlarda reformalary durmuşa geçirýär. Onuň amala aşyrýan üýtgeşmeleri regiondaky ýurtlaryň, şeýle-de Ýakyn Aziýanyň, Ýewropanyň, ABŞ-nyň we GDA döwletleriniň ünsüni özüne çekýär.

Bu ýagdaý hakykatdanam Türkmenistanyň ýurt baştutany Berdimuhamedowda oňaýsyzlyk döredýän bolmaly.

Başga-başga ýollar

Haçanda 2016-njy ýylyň 2-nji sentýabr güni Kerimowyň ölümi jemgyýetçilige äşgär edilende, Özbegistan we Türkmenistanda ýagdaýlar meňzeşdi.

Özbegistan özüni gitdigiçe üzňeleşdirýärdi, Türkmenistan bolsa onýyllyklaryň dowamynda öz-özüni üzňeleşdiripdi.

Iki ýurtda-da agyr howpsuzlyk güýçleri bardy. Islendik oppozisiýa dessine aradan aýrylýardy. Müňlerçe adam türmä basylypdy. Halkara guramalary türmä basylanlaryň günäni boýun almak üçin gynalandygyny öňe sürýär.

Kerimow ölende Özbegistan ykdysady kynçylyklary başdan geçirýärdi. Türkmenistanda-da ýagdaýlar şeýledi.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Mirziýoýewiň hökümet başyna geçmegi bilen Özbegistanda ýagdaýlar üýtgäp başlady. Uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen aktiwistler we garaşsyz žurnalistler türmeden boşadylyp başlandy.

Türkmenistan şol wagtlar ozal tussag edilen aktiwistleri ýa-da syýasy garşydaşlary türmeden boşatmandy. Ýöne 2017-nji ýylyň awgustynda Nyýazowyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Akmyrat Rejebowyň 10 ýyl türmede oturyp ölendigi barada habarlar ýaýrady.

Mirziýoýewiň hökümeti özbek mediasyna gözegçiligi gowşatmak çärelerini-de synap görýär.

26 ýyllyk garaşsyzlygyň dowamynda türkmen mediasynda uly üýtgeşme bolmady. Türkmenistanyň döwlet mediasyna görä, prezident hemme ýerde we hemme zat gülala-güllük.

Mirziýoýew Baş prokurorlygy, Içeri işler ministrligini we gorkulýan Milli howpsuzlyk komitetini täzeden üýtgedip gurýar. Üç edara boýunça-da Mirziýoýew mundan soň hukuk kemsitmelerine ýol berilmejekdigini, ýol berýänleriň jogäpkärçilige çekiljekdigini aýtdy.

Türkmenistan köp wagtdan bäri dowam edýän kadr çalyşmak işlerini netjiesiz dowam etdirdi.

Özbek häkimiýetleri ýurtdan çykmak üçin zerur bolan wiza düzgünini 2019-njy ýyla çenli ýatyrmagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistan eli biletli daşary ýurda barýan raýatlary aeroportdan yzyna gaýtarýar. 30 ýaşyny doldurmadyk erkekleriň daşary ýurda çykjak wagty ýollary petiklenýär.

Özbegistan 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda somuň dewalwasiýasyny durmuşa geçirdi. Somuň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşygyniň resmi bahasy gara bazaryň nyrhyna golýlaşdyryldy.

Türkmenistan kejirlik bilen manadyň dewalwasiýasyna garşy aýak direýär. Resmi kursda 1 dollar Türkmenistanda 3.5 manada durýar, ýöne dollaryň gara bazardaky nyrhy 16 manatdyr.

Gatnaşyklary ösdürmek

Mirziýoýewiň şu wagta çenli gazanan iň uly üstünliklerinden biri Özbegistanyň daşary syýasatyny ösdürmek, hususan-da Merkezi Aziýa ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýmak boldy. Mirziýoýew hökümet başyna geçeli bäri Özbegistanyň Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigstan bilen gatnaşyklary ep-esli gowulaşdy.

Özbek-türkmen gatnaşyklary hem gowulaşdy, ýöne Mirziýoýew hökümet başyna geçende bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar onsuzam gowudy. Mirziýoýew daşary ýurda amala aşyran ilkinji saparyny 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistana etdi.

Şeýle-de Mirziýoýew 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Gazagystanyň Astana şäherinde 20 ýylda ilkinji gezek geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň sammitiniň guramaçylygyna goşant goşdy.

Sammite Berdimuhamedow gatnaşmady. Oňa derek ol Kuweýt döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine sapar etdi.

Özbegistan daşary ýurtly maýadarlara gujak açýar, olary Özbegistana gelip dükan açmaga çagyrýar. Bu tagallalar netije berýäne çalym edýär. Mysal üçin, özbek häkimiýetleri EksonMobil bilen gepleşikleri geçirýär, şeýle-de orsýetli kompaniýalar hem gyzyklanma bildirýäne çalym edýär.

Ýewropanyň Ösüş we kikeldiş banky 8-nji noýabrda Daşkentde edarasyny açdy. Şol gün Özbegistanyň Döwlet inwestisiýa komiteti 2017-nji ýylyň başyndan bäri ýurda çekilen daşary ýurt inwestisiýalarynyň möçberiniň 4 milliard dollara barabar bolandygyny mälim etdi.

Şöhratparaz taslamalar

Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlaryň “awuna” çykdy, ýöne uglewodorod ýataklary üçin Hytaýyň Milli nebit kompaniýasyndan başga hiç kime “onşor” şertnamalaryny hödürlemän gelýär.

Türkmenistanyň ak mermerden bina galdyrmak höwesi we beýleki şöhratparaz taslamalary ýurda gelmekçi bolýan daşary ýurtly maýadarlaryny sägindirýändir. Ýöne “Polimeks” türk firmasy we Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasy türkmen häkimiýetleriniň özlerine millionlap dollar bergisiniň bardygyny öňe sürýärler. Beýleki käbir kompaniýalar hem özleriniň Türkmenistandan kiçi-girim algylarynyň bardygyny aýdýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär. Hökümet halka 90-njy ýyllardan bäri ýeňillikli berilýän suwy, gazy we elektrik toguny tölegli etmäge mejbur boldy. Ýurtda iýmit önümleriniň ýetmezçilik edýändigi, işsizligiň derejesiniň 60 %-e çenli ýokarlanandygy, banklaryň öz funksiýalaryny aňsat ýerine ýetirip bilmeýändigi we walýutanyň doly gytalandygy habar berilýär.

Berdimuhamedow özüniň 2006-njy ýylda hökümet başyna geçmegi bilen ýurtda ýola goýulýan syýasaty düýbünden üýtgezmezden agzalýan maliýe bulam-bujarlygyndan bu golaýda baş alyp çykjaga meňzemeýär.

Berdimuhamedowyň syýasatynyň bu golaýda üýtgejekdigini görkezýän hiç-hili alamat ýok. Diýmek, Türkmenistan şu wagta çenli nädip dolandyrylan bolsa şolar ýaly-da dowam eder we ykdysady kynçylyklar esseläp artar.

Özbegistanda ýagdaýlar ýuwaş-ýuwaşdan özgerip başlady.

Şu zatlaryň ählisiniň sakasynda syýasatyň özgermegi we ýolbaşçynyň çalyşmagy dur.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG