Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda köne awtoulaglar 'awlanýar'


Türkmenabat şäheri (arhiw suraty)
Türkmenabat şäheri (arhiw suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň ýaşaýjylarynyň gara, goňur reňkli we köne ulaglary ulanmagyny çäklendirmek boýunça çärelerini aktiwleşdirdiler.

Häzirki wagtda awtoulaglaryň reňki, markasy we öndürlen ýyly bilen baglylykda köpçülikleýin tussag edilmegini ýurduň tas ähli welaýatlarynda görmek mümkin.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda bu regionda ilatyň şahsy ulagyna bolan çäklendirme ilkinji nobatda könelişen awtoulaglara degişli. “Awlanýan” ulaglaryň arasynda Sowet soýuzynda öndürlen ulaglar, şeýle-de ozalky ýyllarda öndürlen günbatar we ýapon markaly ulaglar, şol sanda ýöreýän we tehniki taýdan gurat transport.

“Olaryň köpüsini häzirki wagtda polisiýada tehniki gözegçilikden geçirmäge rugsat bermeýärler. Başga welaýatlarda-da köne ulaglaryň tiz wagtda gadagan ediljegini aýdýarlar. Maňa mälim bolşuna görä, 2010-njy ýyla çenli öndürlen awtoulaglaryň ählisini gadagan etmäge synanyşýarlar. Bu barada ýaýran gürrüňler gysga wagtda bahalaryň peselmegine getirdi. Gara maşynlara bärde entek berk gysyş etmeýärler, emma şonda-da, ulag eýeleri olary başga reňke boýaýarlar, olary almaşýarlar ýa-da satýarlar” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy gürrüň berdi.

Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri soňky günlerde ýollarda polisiýa işgärleriniň çürt-kesik köpelendigini belleýärler.

“Olar tas her bir çatrykda. Hiç bir sebäpsiz we çekinmän pul talap edýärler. Ýol hereketine täsir ýetirmeýän kanuny zatlardan bahana gözleýärler. Olar öň hiç bolmanda seresaplylyk bilen dokumentleriň arasyna saldyryp alýardylar, indi bolsa aç-açan, hatda böldüren puluny öz jübüsinden çykaryp berýärler. Olarda her bir bidüzgünçilik üçin öz nyrhy bar, köplenç ol resmi jerimeden pesräk bolýar. Köplenç olaryň tapýan bahanalary akyla sygmajak zat bolsa-da, ygtyýar olaryň elinde bolansoň haklydygyňy subut etmek başartmaýar” diýip, Lebaply ulag sürüji gürrüň berdi.

Munuň bilen bir wagtda, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri jerime salmak boýunça planyň çakdan-aşa uludygyny aýdyp zeýrenýärler. Salnan jerimeler barada ýörite kwitansiýalary doldurmaly, bu barada Aşgabatdaky ýolbaşçylardan ýörite tabşyryk bar diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri polisiýanyň işgärine salgylanyp, habar berýär.

Birnäçe gün mundan öň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde könelişen we goňur reňkli awtoulaglary gözlemek we saklamak boýunça reýdleriň geçirilýändigi barada habar berlipdi. “Hususan-da, sowet döwründe öndürlen “Žiguli” we “Moskwiç” ýaly awtoulaglar polisiýanyň sanskiýalaryna düşdi. Şäheriň içinde diňe ak we agymtyl reňkli ulagda hereket etmäge rugsat berilýär, beýlekiler jerimeli awtoduralga äkidilýär” diýip, 28-nji aprelde “Türkmenistanyň alternatiw täzelikler” neşri habar berdi.

Türkmenbaşyda polisiýanyň reýd geçirýändigini, şeýle-de könelişen we goýy reňkli awtoulaglaryň tussag edilýändigini türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, polisiýa şeýle ulaglary sebäbini düşündirmezden tussag edip, äkidýär, şu sebäpden Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary özleriniň könelişen we goýy reňkli awtoulaglaryny çetki obalara satmaga synanyşýarlar.

Onuň sözlerine görä, Balkanda awtoulaglaryň daşky görnüşine degişli çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi soňky iki aýa golaý wagtyň dowamynda emele geldi, emma soňky günlerde bu duýulýar.

Türkmenistanda ýaşaýjylaryň gara we goýy reňkli ulaglary ulanmagynyň çäklendirilmeginiň sebäbi barada ýurduň polisiýa resmilerinden häzire çenliresmi düşündiriş alyp bolmady. 2017-nji ýylyň tomsundan bäri dowam edýän we ýylyň aýagynda has-da güýçlendirilen bu çäklendirmeler barada ýurtda ne ýolbaşçylar, ne-de habar serişdeleri tarapyndan resmi derejede yglan edilýär.

Könelişen awtoulaglardan “arassalaýyşlar” bilen bagly ilkinji wakalar barada geçen ýylyň bahar aýlarynda mälim bolupdy. Şonda Aşgabadyň köçelerinde sebäbi düşündirilmezden köne awtoulaglaryň saklanmagy we mejbury görnüşde polisiýanyň awtoduralgalaryna sürelmegi barada habar berlipdi. 2018-nji ýylyň başynda Aşgabatda könelişen ulaglary awtoduralgada goýmak gadagan edildi.

Türkmenistan könelişen awtoulaglaryň ýurda getirilmegini 2013-nji ýylyň martynda resmi taýdan gadagan edipdi, şol gadagançylyk bäş ýyldan köp wagt öň öndürlen awtoulaglara degişli bolupdy.

Türkmenistanda awtoulaglaryň reňkine degişli çäklendirmeler 2014-nji ýylda garaldylan aýnalardan başlanypdy. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurda gara reňkli awtoulaglaryň getirilmegini gadagan edipdi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň kanun goraýjy wekilleriniň şahsy awtoulaglarynyň ak reňkli bolmagynyň talap edilýändigi mälim boldy. Munuň yzýany dekabrda Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň goýy reňkli şahsy awtotransportunyň köpçülikleýin mejbury ewakuasiýasy başlanypdy.

XS
SM
MD
LG