Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara reňkli awoulaglaryň “gara günleri”


Aşgabatda gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamak mejbur edilýär.
Aşgabatda gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamak mejbur edilýär.

Aşgabatda hususy awoulaglary ak reňke boýatmak çäresi başladylandan soň, häzirki wagtda ýaşaýjylaryň ulaglary bilen baglylykda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlandygyna üns çekilýär.

Paýtagtyň ýaşaýjysy Saparyň aýtmagyna görä, ol gara reňkliawtoulaglaryň jerime duralgasyna ýygnalýandygyny eşiden dessine, öz maşynyny Çoganlyda bir tanşynyňka eltip goýup, soňra bir ussahanada amatlyrak baha ony ak reňke boýadypdyr.

Bu işleriň amatlyrak düşendigine begenen sürüjiniň begenji uzaga çekmändir. Döwlet awtoinspeksiýasynda oňa gara reňkli awtoulagyny ak reňke boýamaga rugsat hatyny almalydygyny, soňra bolsa awtoulagyny ýörite lisenziýasy bolan awtoserwislerde, ýagny Hundaý merkezinde, Kamaz merkezinde ýa bolmasa Toýota merkezinde ak reňke boýatmalydygyny aýdypdyrlar.

Sebäbi rugsat haty bolsa-da, hususy awtoulag bejerýän ussahanalaryň kanuny möhürleri bolmansoň, olara gara reňkli awtoulaglaryň ak reňke boýalandygyny tassyklaýan resminamany bermäge hukugynyň ýokdugy aýdylýar.

Şol bir wagtda gara reňkdäki awtoulagny ak reňke boýatmaga ýagdaýy ýetmän maşyn eýeleri onysatmakçy bolanynda hem kynçylyklar başlandy. Häzirki söwdalar başa barmaýar. Awtoulag eýeleri öz ulaglary üçin 40-50 müň manat aralykda pul sorasalar, alyjylar 10-20 müň manat hödürleýärler. Netijede awtoulag eýeleri näme karara geljeklerini bilmän kösenýärler.

Awtoulagny sataýyn diýse üçden bir baha soralýar. “Jerime awtoduralgasyna salnan awtoulag uzak dursa-da, onuň näme boljagy belli däl. Ynha görseň awtoulagyň käbir şaýlary ýitip ugrar, hiç kim bu zatlar üçin jogapkärçilik çekmeýär” diýip, bir sürüji aýdýar.

Awtoulaglaryny ak reňke boýamaly sürüjileriň bolsa sanynyň gün-günden artýandygyny, indi gara gök, gara ýaşyl, gyzyl reňkli awtoulag eýeleriniň hem döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, jerime awtoduralgasyna ugradylýandygyny ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

Ýatladyp geçsek, 2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamaklyk talap edilip başlandy. Şondan bäri sürüjiler dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG