Müsüriň baş müftüsi Şyh Allam ýurduň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň agzalaryna oraza aýynda Bütindünýä bäsleşigiň jemleýji duşuşyklaryna taýýarlyk görülýän mahaly, agyz beklemän, orazany soň tutmaga rugsat berdi.
Bütindünýä futbol bäsleşigi 15-nji iýun bilen 14-nji iýul aralygynda Orsýetde geçiriler.
Müsür şu wagt Angliýanyň "Liwerpul“ futbol toparynda çykyş edýän Mohammad Salah we onuň milli ýygyndy toparyndaky egindeşlerine uly bil baglaýar.
Mohammad Salahy indi Messi, Ronaldo ýaly futbol boýunça ägirt ussatlar bilen deňeşdirmäge başlandy.
Angliýanyň metbugaty oňa "Müsüriň şasy“ diýen lakamy dakypdyr.
Ol, häzirki döwürde 47 oýunda 43 gezek topy derwezä salypdyr we "Tylla top“ baýragynyň esasy dalaşgärleriniň birine öwrülipdir.
Çempiýonlar ligasynyň ýarym finalyndaky ilkinji duşuşygynda "Liwerpul” Italiýanyň "Rim“ klubyny 5-2 hasap bilen ýeňipdi we şeýlelik-de, final tapgyrynda bäsleşmek ähtimallygy ýokarlanypdy.
Oraza bu ýyl 15-nji maýda başlap, 14-nji iýuna çenli dowam edýär.
Eger "Liwerpul“ Çempiýonlar ligasynyň finalyna çyksa, toparyň 3 sany musulman futbolçysy bolan Mo Salah, Sadio Mane we Emre Jan çykgynsyz ýagdaýa düşüp bilerler.
Jemleýji duşuşyk 26-njy maýda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde geçiriler.
Musulman futbolçylar finalyň öňüsyrasynda orazada agyz bekläýse, onda bu olaryň fiziki türgenligine oňaýsyz täsir edip biler.
Salah 2014-nji ýylda Angliýanyň "Çelsi“ futbol toparynda çykyş edýän mahaly orazada türgenleşigiň juda hupbatly bolýandygyny nygtapdy.