Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyny ýatyrmak ýalňyş bolardy diýip, 16-njy maýda nemes kansleri Angela Merkel aýtdy. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň bu ylalaşykdan çykmagynyň ýakynda ýaýran “howsalaly habarlaryň” biri bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Ýewropanyň iň kuwwatly ýurtlarynyň Waşingtony bu ylalaşygy saklap galmaga ynandyrmak boýunça yzygiderli eden tagallalaryna garamazdan, geçen hepde ABŞ-nyň prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşykdan çykýandygyny yglan etdi.
Dünýäniň iri alty döwleti – Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we Hytaý – bilen Eýranyň arasynda gelnen ylalaşyga görä, Tähranyň ýadro programmasyny togtatmagynyň öwezine, Eýrana garşy girizilen sanksiýalar gowşadalypdy.
Merkel nemes parlamentinde eden çykyşynda bu ylalaşygyň “ideal däldigini..., ýöne häzirki pursatda ony ýatyrmagyň hem dogry däldigini” aýtdy.
Şol bir wagtda, ol ylalaşyk babatynda Waşington bilen onuň Ýewropadaky ýaranlarynyň arasyndaky gapma-garşy pikirlere garamazdan, “transatlantik gatnaşyklaryň birinji derejede ähmiýete eýedigini we munuň şeýle saklanyp galjakdygyny” sözüniň üstüne goşdy.
15-nji maýda Brýusselde Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen geçirilen ýygnakda Tähranyň ýadro ylalaşygyna gol goýan ýewropa ýurtlary Birleşen Ştatlary ylalaşykdan çyksa-da, özleriniň munuň öz güýjünde saklajakdyklaryny wada berdiler.
16-njy maýda Zarif duşuşyklarda güýçli syýasy çykyşlar edilendigini, indi bularyň amal edilmegi üçin herekete geçilmelidigini aýtdy.
15-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini ekspertleriň Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň gapdalyndan aýlanyp geçmek çäreleriniň üstünde işlemäge başlandygyny mälim etdi.