Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlara çykmak üçin soralýan paranyň möçberi "artdyryldy"


Aşgabadyň aeroporty
Aşgabadyň aeroporty

Türkmenistanda dörän ykdysady krizisden, işsizlikden hem eklenç ýagdaýynyň barha kynlaşmagy sebäpli iş gözleginde daşary döwletlere gitmekçi bolýan türkmen raýatlarynyň Aşgabat aeroportynda uçara mündürilmezliginiň faktlarynyň artmagy bilen, daşary döwletlere gitmekçi bolýan raýatlardan migrasiýa gullugynyň işgärleriniň soraýan parasynyň hem artýandygy barada maglumatlar bar.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran Mary welaýatynyň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, ol 3 aý mundan ozal Türkiýä işlemäge gitmekçi bolupdyr. Emma, ol Aşgabat aeroportynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy tarapyndan uçara mündürilmän yzyna gaýtarylypdyr.

Ýaşaýjy nähili ýol bilen hem bolsa ýurtdan çykmagyň aladasynda tanyş-biliş gözläp başlapdyr. Tanyş-bilişlik bilen uçara münmek üçin onuň 1500 dollar para bermeli boljakdygy barada aýdylandan soňra, ol öz dogan-garyndaşlaryndan pul ýygnap, soralýan parany jemläpdir.

Ol Aşgabat aeroportyndaky Migrasiýa gullugynyň işgärlerine berilmeli parany alyp, gaýtadan bu meseläni çözmegi boýun alan araçynyň ýanyna gelipdir. Emma, araçy indi paranyň möçberiniň 3000 dollara galdyrylandygyny aýdypdyr.

“Ozalky ýaly banklardan döwlet kursy bilen dollar satyn alyp bolýan bolsady, onda olaryň soraýan üç müň dollaryny hem jemlese bolardy. Gara bazarda dollaryň yzygiderli ýokarlanyp durmagy bilen manady çap edýän stanogyň bolaýmasa üç müň dollary satyn almak üçin gerek bolan manady tapaýmak hem indi ilata başartmaýar” diýip, welaýat ýaşaýjysy aýdýar.

“Para we korrupsiýa garşy göreşýäris diýildi welin, parahorlygam artdy, paranyň möçberi hem artdy. Özem ony gizlinlik bilen amala aşyrjak bolubam duranoklar. Şol aýdylan paranyň möçberini jemläp bilmeseň, bolanok, işiň düzelenok diýip, arkaýyn jogap berýärler. Emma agzalan parany tapsaň, bitmejek iş galanok” diýip, ýaşaýjy dowam edýär.

“Welaýatlardan daşary döwletlere işlemäge gidýänleriň sany juda artypdyr. Gitmek isleýänleriň sany gidenlere görä hem has agdygrak. Sebäbi islendik döwletde iş şertleri hem, güzeran ýagdaýlary hem Türkmenistanyň ýagdaýyndan has artykmajyrak bolsa gerek. Asyl daşary döwlete çykanlaryň yzlaryna gaýdaslary gelenok. Öz bilýän tanyş-bilişlerimden daşary döwletlerde gazanç edip, gelen-gidenden hossarlaryna pul ugradyp, jaý satyn alyp goýanlary hem kän. Emma ozal ýaşamaga jaýy bolman gazanç üçin daşary döwletlere gidenlerden, indi ýurtda ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp goýanlarynyň, ol jaýlary gaýtadan satmak isleýänleri hem köpeldi. Sebäbi olar indi yzlaryna gaýdyp gelmek islemeýärler” diýip, ol dowam edýär.

“Eýsem bolsa parahorlygyň ýatman onuň möwjeýändigini, ilatyň gün-günden garyplaşýandygyny, obalaryň tozgunçylyga baryp ýetendigini degişli ýolbaşçylar bilmeýändirler diýip, aýtsa bolarmy. Ýok, bolmaz. Hökümet ýolbaşçylarynyň ähli zatdan habarlary bar. Emma, ähli edara-kärhanalarda oturan emeldarlar öz biri-birisi bilen gepleşikli bolanlyklary sebäpli, ähli bikanunçylyklara göz ýumulýar. Şol sebäpli hem paranyň möçberi hem artýar. Ony talap edýänleriň sany hem artýar. Ortada bolsa ýönekeý halk kösenýär” diýip, işsiz ýaşaýjy zeýrenýär.

XS
SM
MD
LG