Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýada çagalar bagynda hijaby gadagan etmek isleýärler


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Awstriýanyň hökümeti çagalar baglary we başlangyç klaslarda gyzlaryň ýalyk oranmagyny (hijaby) gadagan etmek barasyndaky planyny aýan edipdir.

Hökümet bu planyň çäginde bolsa "çaga haklaryny goramak kanunyny“ çykarmagy göz öňünde tutýar.

Aşa sagçy premýer-ministr Sebastýan Kurtz, Ýewropa köpçülikleýin bosgun kabul edilmegine garşy çykýan syýasatçylardandyr.

Onuň öňe sürmegine görä, Awstriýanyň çagalar baglarynda we başlangyç bilim berýän mekdeplerinde hijaply gyzlaryň sany barha köpelýär.

Premýer-ministriň metbugata beren beýanatynda aýtmagyna görä, hökümet Awstriýada "gapmagarşylykly başgaça jemgyýetleriň döredilmegi maksatlaryna garşy çykýar“.

Teklip edilen gadagançylyk 10 ýaşa çenli bolan gyzjagazlary öz içine alýar.

Emma, Awstriýanyň Yslam dini guramasy bu planyň çakdanaşalykdygyny nygtap, "çagalar baglaryndaky gyzjagazlaryň aglabasynyň hijaply däldigini“ öňe sürýär.

Gurama şol bir wagtyň özünde başlangyç bilim berýän mekdeplerde hem ýagdaýyň tapawutly däldigini bildirýär.

Musulman gyzlaryň köpüsi hijaby kämillik ýaşyna ýetende geýmäge başlaýar.

Yslam dini guramasy, meselä köpçülikleýin gadagançylyk esasynda çemeleşilmeli däldigini, gaýtam adamyna görä tapawut etmelidigini aýdýar.

Geçen ýyl Awstriýada musulman zenanlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde ýüzüni ýapmagy gadagan edildi. Emma, hijap geýmegine hiç zat diýilmedi.

Çagalar bilen baglanşykly gadagançylygyň mejlisde kabul edilmegi üçin üçden iki köpçüligiň ses bermegi hökmanydyr.

Awstriýadan syýasy gorag almak isleýänleriň umumy sany ýurduň ilat sanynyň ýüzden 2 göterimine barabardyr.

Käbir adamlar bu ýagdaýyň Awstriýanyň milli hem medeni gymmatlyklaryna howp abandyrýandygyny öňe sürýär.

Kurtzyň özi geçen ýylyň dekabr aýynda hökümet başyna migrantlara garşy bolan garaýyşlarynyň kömegi bilen saýlandy.

Kurtz hökümeti çakdanaşa milletparaz Azatlyk partiýasy bilen bilelikde gurupdyr.

Azatlyk partiýasyny Ikinji Jahan urşundan soň “neo-nasistler” döredipdir.

XS
SM
MD
LG