Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Facebook” anti-musulman toparlary aýyrarmy?


Mark Zuckerberg, "Facebook” sosial ulgamynyň baştutany

Musulmanlaryň hak-hukuklaryny goraýan hukukçylaryň öňe sürmegine görä, dünýäniň iň giň gerimli sosial ulgamy bolan "Facebook“ yslama garşy ýigrenç döredýän sahypalara ýeterlik derejede berk çäre görmeýär.

Muny "Newsweek“ žurnaly ýazýar.

“Facebook” sosial ulgamynyň eýesi Mark Zuckerberg golaýda Kongresde öz firmasynyň şahsy maglumatlardan nähili peýdalanýandygy bilen baglanşykly düşündiriş berende, dini we milletparazlyk taýdan ýigrenç döredýän toparlara garşy göreşilýändigini aýtdy.

"Eger haýsam bolsa bir toparyň esasy maksady ýigrenç ýaýratmak bolsa ýa-da "Facebook“ ulgamyndaky işleriniň esasy bölegi şeýle ugra gönükdirilen bolsa, biz ony sosial ulgamdan daşlaşdyrýarys“ diýip, Mark Zuckerberg kongressmenlere gürrüň berdi.

Aslynda "Facebook“ muny ençeme ýyldan bäri nygtap gelýär. Emma, musulmanlaryň hak-hukuklaryny goraýan toparlar bolsa, yslama hem musulmanlara garşy çagyryşlar we öjükdirmeler edilýän sahypalaryň ol sosial ulgamda diýseň ýaýbaňlanandygyny öňe sürýärler.

"Musulmanlaryň goragçylary“ atly adam hukuklary toparynyň bildirmegine görä, geçen ýylyň dekabr aýynda "Facebook“ sosial ulgamyna 28 sany şeýle sahypa barasynda sanaw hödürläpdir we olaryň anti-musulman hereketlere degişlidigini bildiripdir. Ýöne, ol sahypalaryň 24 sanysy heniz hem işjeň ýagdaýda.

"Facebook“ sosial ulgamynyň 2016-njy ýylda petiklän sahypalarynyň biriniň ady "Teksasyň yslamlaşmagyny duruzalyň!“ görnüşinde ekeni.

Şonda ol hereketiň arkasynda Russiýadaky bir toparyň durýandygy äşgär bolupdyr.

Emma, musulmanlaryň hak-hukuklaryny goraýan toparlaryň aýtmagyna görä, ol sahypa Rusiýanyň ABŞ-daky saýlawlara gatyşmagy galmagaly bilen arabaglanşykly bolany üçin petiklenipdir. Birmeňzeş mazmunly çagyryşlar mediýanyň dykgatyny özüne çekmeýän bolsa, diýmek olara garşy gerekli çäre görülmeýär.

"Facebook“ sosial ulgamyndaky käbir toparlaryň müňlerçe agzasy bar we olar aç-açan adamlary täze "Mileston ýöreýşine“ çagyrýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG