Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda TOPH-yň geçjek ýoluny minalardan arassalaýjylar öldürildi


TOPH gazgeçiriji proýektiniň kartasy

Owganystanyň Kandahar regionynda minalary ýok edýän azyndan alty sany sapýor näbelli ýaraglylar tarapyndan öldürildi diýip, regional polisiýasynyň müdiri general Abdul Razige salgylanyp media serişdeleri habar berdi.

Media maglumatlaryna görä, polisiýanyň resmisi ýaragly adamlaryň ýene bir sapýory ogurlap äkidendigini habar beripdir. Bu hadysanyň Maiwand etrabynyň Malang Kariz atly ýerinde bolandygy aýdylýar.

Читайте также на русском

Minalary ýok edýän topar “Aims De-mining Company” (AMDC) atly guramanyň işgärleri bolup, olar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň guruljak ýerini arassalamak boýunça işleri amala aşyrýardy diýlip, Kandahar welaýatynyň polisiýasynyň müdiri general Abdul Razige salgylanyp, Tolonews neşri habar berdi.

Maglumata görä, polisiýa resmisi hüjümi “Talyban” toparynyň amala aşyrandygyny aýdýar, emma“Talyban” öz gatnaşygyny entek tassyklamady.

TOPH gazgeçirijisiniň 744 kilometri Owganystanyň üstünden geçmeli. Onuň gurluşygynyň geçmeli regionlarynyň arasynda Hyrat, Farah, Nimroz, Helmand we Kandagar welaýatlary görkezilýär.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň administrasiýasynyň maglumatyna görä, umumy bahasy 22.5 milliard dollarlyk gaz turbasynyň gurluşygyny 2019-njy ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar diýip, Tolonews neşriniň bellemegine görä, owgan hökümeti gazgeçiriji arkaly ýylda 400 million amerikan dollary möçberinde girdeji görmegi planlaşdyrýar.

Umumy uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gaz turbasynyň, Türkmenistanyň Galkynyş gaz ýatagyndan Hindistanyň Penjap ştatyndaky Fazilka şäherine çenli çeklip, ýylda 33 milliard türkmen gazyny akdyrmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan we umumy bahasy 10 milliard amerikan dollary möçberinde kesgitlenen TOPH proýektini esasan öz hasabyna (85%) maliýeleşdirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG