Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýiten ýa alnyp gaçylan çaga meselesi agzalmaýar


Köçede oýnaýan türkmen çagalary
Köçede oýnaýan türkmen çagalary

Halkara jemgyýetçiligi her ýylyň 25-nji maýynda ýiten çagalaryň halkara gününi belleýär. Global ýiten çagalar guramasynyň agzalary her ýyl bu gün bilen baglylykda ýiten we alnyp gaçylan çagalaryň hatyrasyny tutýar, halas edilen çagalaryň begenjini paýlaşýar.

Halkara biten çagalar güni alty ýaşly Etan Patzyň 1979-njy ýylda Nýu-Ýork şäherinde ýitirim bolmagynyň yzysüre, ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Ronald Reýgan tarapyndan, 1983-nj ýylda döredildi. Bu çäre 2001-nji ýylda bütin dünýä ýaýrady. Ýiten we ezilen çagalaryň halkara merkezi bolsa (International Centre for Missing & Exploited Children), “Olary öýüne gowşurmaga kömek et” diýen kampaniýany utgaşdyrýar.

Ýiten we ezilen çagalaryň halkara merkezi, ABŞ-nyň Milli ýiten we ezilen çagalar merkezi hem-de Global ýiten çagalar guramasy 1998-nji ýylda ýiten çagalar boýunça geçirilýän derňewleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin maglumat we tapylmaýan çagalaryň şekillerini ýaýratmak, bu ugurdaky iň gowy tejribeleri paýlaşmak babatda bileleikde çäre görmäge başlady.

Global ýiten çagalar guramasyna 23 ýurt agza bolup durýar, olar: Albaniýa, Argentina, Awstraliýa, Belarus, Belgiýa, Brazil, Kanada, Germaniýa, Gresiýa, Wengriýa, Irlandiýa, Italiýa, Meksiko, Niderlands, New Zealand, Polşa, Ruminiýa, Orsýet, Serbiýa, Günorta Afrika, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Angliýa we ABŞ.

Ýerli synçylar Türkmenistanda hem çagalaryň ýitýän halatlarynyň bolýandygyny tassyklaýarlar, emma döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatynda mu mesele agzalmaýar.

Azatlyk radiosy bu meseläniň Türkmenistandaky ýagdaýy bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanda ýiten ýa alnyp gaçylan çaga meselesi agzalmaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:59 0:00

XS
SM
MD
LG