Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DIAHB Türkmenistandaky parlament saýlawlarynyň demokratik bolmandygyny aýdýar


Parlament saýlawynda ses berýän saýlawçylar, 25-nji mart, 2018.
Parlament saýlawynda ses berýän saýlawçylar, 25-nji mart, 2018.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosy (DIAHB) Türkmenistanda 25-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda hakyky demokratik saýlaw prosesiniň wajyp aýratynlyklarynyň bolmandygyny aýdýar.

Guramanyň 30-njy maýda çap edilen gutarnykly hasabatynda syýasy ýagdaýyň diňe adynyň plýuralist, ýagny köpdürli bolandygy we hakykat ýüzünde esasy azatlyklaryň ulanylmagynyň berk çäklendirilendigi bellenilýär.

Häkimiýetleriň aýdyňlygyň berjaý edilýändigini görkezmek ugurunda eden tagallalaryna garamazdan, saýlawlaryň dogruçyllygy berjaý edilmedi we bu ýagdaý saýlaw netijeleriniň şübheli bolup galmagyna getirdi diýip, hasabatda bellenilýär.

Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosy häkimiýetlere galp ses berişligiň, şol bir adamlaryň gaýta-gaýta ses bermeginiň, saýlaw gapyrjaklaryny býulletenlerden dykyp-doldurmagyň, saýlawa gatnaşygyň derejesini galplaşdyrmagyň öňüni almak bilen, saýlawlaryň dogruçyllygynyň üpjün edilmegini maslahat berýär.

Ýurtda metbugat köpdürlüliginiň we garaşsyzlygynyň bolmazlygy saýlawçylary habardarlyk esasynda karara gelmek üçin zerur bolan maglumatlary almakdan mahrum edýär diýip, hasabatda aýdylýar, bu meseläni çözmek üçin garaşsyz metbugatyň döremegine, söz azatlygynyň ulanylmagyny höweslendirmäge, maglumat elýeterliliginiň üpjün edilmegine şert döretmek maslahat berilýär.

Kanun esasynda kandidatlaryň ählisiniň kampaniýa duşuşyklaryna gatnaşmaga, öz aýtjak zatlaryny media arkaly halka ýetirmäge deň hukuklary bar. Emma hakykatda welin, kampaniýa döwründe häkimiýetleriň özleriniň guran kampaniýalaryndan başga kampaniaýalar iş ýüzünde gadagan edildi diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda kandidatlara öz usullary esasynda kampaniýa geçirmäge rugsat bermek ündelýär.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň eden tagallalaryna garamazdan, saýlaw adminstrasiýasynda umuman aýdyňlyk bolmady. Hasabat saýlaw adminstrasiýasyny aýdyňlyk, professionallyk we bitaraplyk ýörelgelerini tutmaga çagyrýar. Şeýle-de häkimiýetler saýlaw komissiýalarynyň hökümetden garaşsyz bolmagyny üpjün etmäge çagyrylýar.

Saýlawlara birnäçe gün galanda, ýurtdaky saýlaw nokatlarynyň bir toparynda wideogözegçiligi ýola goýuldy. Habar berilmegine görä, bu çäre prezidentiň görkezmesi esasynda, Merkezi saýlaw toparynyň karary we başga bir hukuk esasy bolmazdan görüldi. Merkezi saýlaw toparynyň döwlet organlaryna garaşlylylygy ynjalyksyzlyk döredýär diýip, hasabatda bellenilýär.

Hasabatda saýlawçylaryň gaýtalanyp hasaba alynmagynyň garşysyna hiç bir kepilligiň ýokdugy, Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosynyň bu meselede ozal beren rekomendasiýalaryna üns berilmändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň 1-nji martynda 3,286,138 saýlawçy hasaba alyndy. Emma ýurduň kämillik ýaşyna ýeten ilatynyň möçberi barada çap edilen maglumatlaryň bolmazlygy Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlarynyň anyklygyny we dolulylygyny tassyklamaga mümkinçilik bermeýär.

Kanun tussag edilenleriň we psihiki näsaglygy bolan adamlaryň ses bermek hukuklaryny çäklendirýär we bu ýagdaý halkara ölçeglerine garşy gelýär.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosynyň hasabatynda saýlaw kampaniýasynyň hem o diýen göze ilerlik bolmandygy, megerem onuň jemgyýetde kän bir gyzyklanma döretmändigi bellenilýär.

Mundanam başga, metbugatdaky ýagdaý döwlet monopolisiýasyna mahsuswe alternatiw ýa-da tankydy garaýyşlaryň bolmazlygy saýlawçylary aňly-düşünjeli ses bermek mümkinçiliginden mahrum edýär.

Ýurtda internetiň we mobil aragatnaşygynyň ýeke-täk döwlet prowaýderi bar, köp saýtlar we sosial ulgamlar petiklenýär ýa-da olaryň mazmuny elekden geçirilýär. Kandidatlar saýlawçylara on minutlyk öňünden taýynlanan telewizion çykyşlary bilen ýüzlendiler we kampaniýa döwründe bilelikdäki pikir alyşma ýa çekeleşik bolmady, habarlarda iş başyndaky prezidentiň oglundan beýleki kandidatlaryň saýlawdan öňki işleri barada bir sözem aýdylmady diýip, DIAHB-nyň hasabatynda aýdylýar.

Türkmenistanda 25-nji martda geçirilen saýlawlarda Mejlisiň 125 orny ugrunda 284 kandidat bäsleşdi, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow 91,42% ses alyp, ikinji gezek deputat saýlandy.

XS
SM
MD
LG